[1] Şerap biabraý edýändir, çakyr dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr.
[2] Patyşanyň gazaby arslanyň nagrasy kimindir, onuň gaharyny getirýän öz janyna töwekgellik edýändir.
[3] Dawadan gaçmak adama abraý getirýär, bar akmak jedele taýýar.
[4] Ýalta ýer sürmän, orak wagtynda hasyl gözlär, ýöne tapmaz.
[5] Ynsanyň ýüregindäki pikir çuň suw kimindir, düşünjeli adam ony çekip çykarar.
[6] Köp adam özüne «Men wepaly» diýýändir, ýöne ynamdar birini kim tapyp biler?
[7] Dogruçyl sadyklykda ýöreýär, onuň yzynda çagalary nähili bagtly bolar!
[8] Hökmürowan tagtynda oturýan patyşa ähli ýamanlygy gözleri bilen saýgarýar.
[9] «Ýüregimi tämizledim, günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler?
[10] Iki dürli terezi daşynyň, iki dürli ölçegiň ikisi hem Rebbe ýigrenjidir.
[11] Hatda çaga hem eden işiniň päkdigini ýa dogrudygyny öz hereketi bilen aýan edýär.
[12] Diňleýän gulagy, görýän gözi – ikisinem Reb ýaradandyr.
[13] Garyp bolmazyň ýaly, ukyny söýme, gözüňi aç, nanyň bol bolar.
[14] Satyn alýan: «Erbet, erbet» diýýändir, aňyrrak baryp bolsa öwýändir.
[15] Altyn bar, jöwherem köpdür, ýöne bilimli dil tapylgysyz zatdyr.
[16] Nätanşa kepil bolanyň geýimini al, kesekä kepil bolandan girew al.
[17] Hile bilen gazanylan nan süýjüdir, soňra agzy çagyldan dolar.
[18] Maksatlar maslahat bilen berkarar bolýandyr; sagdyn maslahatlar bilen urşa git.
[19] Gybatkeş syry paş edýändir, agzyboş bilen gatnaşyk açma.
[20] Ata-enesini näletleýäniň tüm garaňkylykda çyrasy söner.
[21] Başda basym alnan miras soňunda bereketli bolmaz.
[22] «Ýamanlygy ýerine salaryn» diýme, Rebbe garaş, Ol seni halas eder.
[23] Galp terezi daşy Rebbe ýigrenjidir, hileli terezi hem gowy däldir.
[24] Adamyň her ätjek ädimi Rebdendir. Şeýle bolansoň, adam öz ýoluna nädip düşünsin?
[25] Zadyny pähimsiz bagyş edýän adam duzaga düşer, ol äht edenden soň oýlanar.
[26] Akylly patyşa erbetleri sowrup, olaryň üstünde döwek döwýär.
[27] Adamyň ruhy Rebbiň çyrasydyr, ol ynsan kalbynyň bütin jümmüşini barlaýar.
[28] Sadyklyk we ynamdarlyk patyşany goraýar, onuň tagty sadyklykdan berkarar bolýar.
[29] Ýigitlik kuwwaty olaryň şöhratydyr, çal saçlar bolsa garrylaryň abraýydyr.
[30] Yz galdyrýan urgy ýamanlykdan tämizleýär, kötekler bolsa kalbyň jümmüşini päkleýär.