[1] Ýagşy at-abraý köp baýlykdan artyk, sylag-hormat hem kümüş- -altyndan ýagşydyr.
[2] Baý bilen garybyň bir meňzeşligi bar, olaryň ikisini-de ýaradan Rebdir.
[3] Paýhasly adam howpy görüp gizlenýändir, nadan göni gidip jeza alýandyr.
[4] Kiçigöwünliligiň, Rebden gorkmagyň sylagy baýlyk, abraý we ýaşaýyşdyr.
[5] Egri adamyň ýolunda tikenler we duzaklar bardyr. Öz janyna haýpy gelýän olardan daş durar.
[6] Çagany dogry ýol bilen terbiýele, ulalanda hem şondan sowulmaz.
[7] Baýlar garyplaryň üstünden höküm sürýändir, bergili-de karz bereniň guludyr.
[8] Adalatsyzlyk ekýän bela-beter orar, gazabyň taýagyndan heläk bolar.
[9] Sahy adam ýalkanýandyr, çünki ol çöreginden ejizlere berýär.
[10] Masgaralaýjyny kow, şonda jenjel ýok bolar, töhmetdir-dawanyň yzy kesiler.
[11] Päk ýürekliligi söýýän, merhemetli sözleýän patyşanyň ýakyny bolar.
[12] Rebbiň gözleri bilimi goraýandyr, wepasyzyň sözlerini bolsa ýalana çykarýandyr.
[13] Ýalta diýýär: «Daşarda arslan bar, ýolda ol meni parçalar».
[14] Azgyn aýalyň agzy düýpsüz gorpdur, Rebbiň gazabyna duşan oňa ýykylar.
[15] Çaganyň ýüreginde akmaklyk kök urýandyr, ýöne terbiýe taýagy ony akmaklykdan uzaklaşdyrýandyr.
[16] Baý bolmak üçin garyplary ezýän hem-de baýlara sowgat berýän diňe garyp düşer.
[17] Gulak as-da, akyldarlaryň sözüni diňle, meniň öwretjek zatlaryma dykgat et.
[18] Sen olary kalbyňda saklasaň, olaryň ählisi diliňde bolsa ýakymly bolar.
[19] Seniň Rebbe ynanjyň bolary ýaly, men şu gün saňa, hut saňa öwredýärin.
[20] -
[21] Gaýdanyňda seni ýollanlara çyn söz hem ynamly jogap bereriň ýaly, men saňa maslahat hem bilim üçin otuz nesihat ýazyp bereýin.
[22] Garyby garyplygy sebäpli talama, mätäji mejlisde ezme.
[23] Çünki olaryň tarapyny Reb tutar, olary talany Ol talar.
[24] -
[25] Olaryň ýollaryna öwrenişip, janyňy duzaga düşürmeziň üçin, gaharjaň adam bilen tirkeşme, gyzma adam bilen gatnaşyk açma.
[26] Biri bilen el berişme, birine kepil bolýanlardan bolma.
[27] Tölemäge zadyň bolmasa, aşagyňdaky düşegiňi almazlarmy näme?
[28] Ata-babaň goýan gadymy araçäk daşyny süýşürme.
[29] Işine ökde adamlary görýäňmi? Olar garamaýagyň hyzmatyny etmez, patyşalaryň huzurynda durar.