[1] Terbiýäni söýýän bilimi söýýändir, käýinji ýigrenýän bolsa samsykdyr.
[2] Ýagşy adam Rebbiň merhemetini gazanýandyr, erbet niýetlini bolsa höküm edýändir.
[3] Adam erbetlik bilen berkäp bilmez, dogrularyň köküni hiç zat goparmaz.
[4] Mynasyp aýal äriniň başynyň täjidir, binamys aýal bolsa süýegiňi çüýreder.
[5] Dogruçylyň pikiri adyldyr, erbetleriň maslahaty haýynlykdyr.
[6] Erbetleriň gep-gürrüňi gan dökmäge teşnedir, dogrularyň dili bolsa olary halas eder.
[7] Erbetler düňderilip ýok bolýandyr, dogrularyň öýi bolsa berk durýandyr.
[8] Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.
[9] Özüni ulumsy tutup, nana zar bolan adamdan, gününi özi dolaýan garamaýak gowudyr.
[10] Dogruçyl kişi malynyň janyny hem gaýgyrýar, erbetleriň rehimi hem zalymlykdyr.
[11] Ýerini bejerýän adamyň nany bol bolar, boş hyýala eýerýän bolsa kemakyldyr.
[12] Erbetler ýamanlaryň oljasyny isleýär, dogruçyllaryň bolsa köki ösýär.
[13] Ýamanlar ýazykly gürrüňinden duzaga düşýär, dogruçyllar kynçylykdan ýol tapýar.
[14] Ynsan diliniň miwesinden ýagşylyk tapar, elleriniň hyzmaty özüne serpaý bolar.
[15] Akmagyň ýoly öz gözüne dogrudyr, akyldar adam maslahaty diňleýär.
[16] Akmagyň gahary derrew bildirýändir, seresaply kişi göwne deglenini ýaşyrýandyr.
[17] Hakykaty aýdýan adyl gepleýändir, galp şaýat bolsa ýalany.
[18] Oýlanman gepleýän dil gylyç ýaly sanjylýandyr, akyldaryň dili bolsa şypa berýändir.
[19] Çyn dil ebedilikdir, ýalançy dil az salymlykdyr.
[20] Ýaman niýetliniň ýüreginde hile bardyr, salamatlygy niýetleýän bolsa şatlyk alar.
[21] Dogruçyl adama hiç bela gelmez, erbetleriň başy beladan gutulmaz.
[22] Ýalan dil Reb üçin nejislikdir, dogruçyllyk isleýänlerden bolsa Ol hoşaldyr.
[23] Seresaplylar bilimi özi üçin saklaýar, akmagyň ýüregi bolsa akmaklygyny äşgär edýär.
[24] Janypkeşiň eli höküm sürer, ýalta mejbury işe gider.
[25] Gaýgyly ýürek adamy çökerýär, ýagşy söz bolsa ony şatlandyrýar.
[26] Dogruçyl adam ýakynyna ýol görkezýändir, erbetleriň ýoly bolsa azaşdyrýandyr.
[27] Ýaltanyň eli tutan awuny bişirmez, gaýratly bolsa gymmatly hazyna.
[28] Dogrulyk ýolunda ýaşaýyş bardyr, ol ýolda ölüm ýokdur.