[1] Bu Iýerusalimde patyşalyk eden Dawudyň ogly Wagyzçynyň sözleridir.
[2] Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.
[3] Ynsan Günüň astynda çekýän zähmetinden näme peýda tapýar?
[4] Bir nesil gidip, bir nesil gelýär; emma bu dünýä ebedilik galýar.
[5] Gün dogýar, ýaşýar; öz dogjak ýerine tarap howlugýar.
[6] Ýel günorta tarap öwüsýär, soňra demirgazyga öwrülýär. Ol töwerege aýlanyp-aýlanyp, ýene öz aýlawyna dolanýar.
[7] Ähli derýalar deňze akýar, emma deňiz dolmaýar. Derýalar täzeden akmak üçin öz akýan ýerine dolanýarlar.
[8] Bar zat irizýär. Muny söz bilen beýan edip bolmaz. Göz görmekden doýmaýar, gulak-da eşitmekden.
[9] Näme bolan bolsa, ýene şol bolar, näme edilen bolsa, ýene şol ediler. Günüň astynda täze zat ýok.
[10] «Seret, ine, şu täze» diýip boljak zat barmy? Ol owaldan bardy, bizden öňem bolupdyr.
[11] Öňki bolup geçeni hiç kim ýatlamaz; indiki geljekler-de häzirki hem soňky boljak zatlary ýatlamaz.
[12] Men, Wagyzçy, Iýerusalimde Ysraýylyň patyşasydym.
[13] Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşudyr.
[14] Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak.
[15] «Egrini göneldip bolmaz; ýok zady-da sanap bolmaz».
[16] Öz-özüme şeýle diýdim: «Ine, men beýik bolup, paýhasda özümden öň Iýerusalimde hökmürowanlyk edenleriň hemmesinden ozdum. Ýüregim paýhas bilen bilime baýdy».
[17] Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim.
[18] «Paýhas näçe köp bolsa, gussa-da şonça köpdür. Bilimini artdyrýanlar, derdini-de artdyrýandyrlar».