Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:45

[1] Rebbiň ýigreneni galp terezidir, dogry ölçegden bolsa göwni hoş bolýandyr.

[2] Tekepbirlik gelse, masgaraçylyk gelýändir, akyldarlyk bolsa kiçigöwünliler bilendir.

[3] Dogry adamyň dogruçyllygy oňa ýol görkezýändir, dönügiň hilegärligi bolsa ony heläk edýändir.

[4] Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir, dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar.

[5] Sadyk adamyň dogrulygy onuň ýoluny gönelder, erbetler bolsa öz erbetligi zerarly ýykylar.

[6] Dogry adamlary dogruçyllygy halas edýär, haýynlar öz nebsine çolaşýarlar.

[7] Erbet adam ölse, onuň umyt- -niýetem ölýär, onuň baý bolmak tamasy puja çykýar.

[8] Dogry adam muşakgatdan gutulýar, oňa derek erbetler muşakgata uçraýar.

[9] Imansyz ýakynyny dili bilen heläkleýär, dogruçyl bolsa bilim bilen gutulýar.

[10] Dogrularyň işi rowaç alanda, şäher begenýär, erbetler ölende toý-dabara bolýar.

[11] Dogruçyllaryň dileginden şäher belende galýar, erbetleriň dilinden ol weýran bolýar.

[12] Ýakynyny kemsidýän kemakyldyr, düşünjeli adamyň agzyndan söz çykmaýar.

[13] Gybatkeş başganyň syryny paş edýändir, ynamdar göwün syrdaş bolýandyr.

[14] Maslahatsyz millet heläk bolýandyr, maslahatçy köp bolan ýerde ýeňiş bar.

[15] Nätanşa kepil bolan köp zyýan çeker, kepil bolmakdan gaçan dynç gezer.

[16] Mylakatly aýal hormat, zalymlar baýlyk gazanýandyr.

[17] Merhemetli özüne peýda getirýär, zalym bolsa özüne zyýan edýär.

[18] Erbediň gazanjy galplykdyr, dogrulyk ekýän hökman hakyny alar.

[19] Ýürekden dogruçyl ynsan – ýaşaýşa, ýamanlygy yzlaýan – ölüme barýar.

[20] Gara ýürekliler Rebbe nejisdir, Reb sadyk ýoldan hoşaldyr.

[21] Men söz berýän, elbetde, ýaman jezasyz galmaz, dogrularyň nesilleri gutular.

[22] Salykatlylykdan ýüz öwren görmegeý aýalyň ýagdaýy doňzuň burnuna dakylan altyn ysyrga ýalydyr.

[23] Dogrular diňe ýagşylygy arzuwlar, erbetleriň garaşýany gahar-gazap.

[24] Biri bar paýlaýandyr, baýlygy bolsa artýar. Biri bar – gaty gysyk, diňe mätäçlige gowuşýar.

[25] Sahy adamyň berekedi artar, suw berene suw berler.

[26] Gallasyny gizleýäne halk gargaýar, galla satýanyň başyna bereket ýagýar.

[27] Ýagşylyk gözleýän merhemet gazanýar, ýamanlyk gözleýän ýamanlyga ýeter.

[28] Baýlygyna baýrynýan ýykylar, dogrular bolsa täze baldak ýaly öser.

[29] Hojalygyna betbagtlyk getiren ýel gysymlan ýaly bolar, akmak akylly adamyň hyzmatkäri bolar.

[30] Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, akyldar adam ynsanlary gazanýar.

[31] Dünýäde dogry adam jezalandyrylsa, erbet bilen günäkäriň almyty, gör, näçe esse bolar!

Süleýmanyň pähimleri — Chapters