[1] Tomusda gar we orak döwründe ýagyn ýaly, akmaga hem hormat ýaraşýan däldir.
[2] Serçäniň eýläk-beýläk uçuşy ýaly, garlawajyň uçup gidişi kimin, sebäpsiz näletem täsir etmez.
[3] Ata gamçy, eşege nogta, akmagyň ýagyrnysyna-da taýak ýaraşýandyr.
[4] Akylsyzyň akmaklygyna görä jogap berme, ýogsa senem oňa meňzärsiň.
[5] Akylsyza akmaklygyna görä jogap ber, ýogsa özüni akylly saýar.
[6] Akmagyň üsti bilen habar ýollaýan özüne zyýan eder hem azap çeker.
[7] Ysmazyň aýagy nähili salparýan bolsa, akmagyň agzyndaky pähim hem şeýledir.
[8] Daşy sapana berk daňyp goýan adam nähili bolsa, akmaga hormat goýýan-da şeýledir.
[9] Serhoşuň eline batan tiken nähili bolsa, pähim-de akmagyň agzynda şeýledir.
[10] Duş geleni ýaralaýan kemançy nähili bolsa, akmagy, bir ötegçini hakyna tutýan hem şeýledir.
[11] Öz gusugyna öwrülip gelýän it nähili bolsa, akmaklygyny gaýtalaýan akmak hem şeýledir.
[12] Öz gözüne akyldar görünýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.
[13] Ýalta: «Köçede arslan, ýolda ýolbars bar» diýýändir.
[14] Gapy öz petlelerinde nähili aýlanýan bolsa, ýalta-da öz düşeginde şeýledir.
[15] Ýalta elini tabaga uzadyp, ony agzyna ýetirmäge ýadaýandyr.
[16] Ýalta öz gözüne sagdyn pikirli jogap berýän ýedi kişiden-de akyllydyr.
[17] Özüne degişli bolmadyk dawa goşulýan geçip barýan itiň gulagyndan tutýan adam ýalydyr.
[18] -
[19] Öz ýakynyny aldap: «Men oýun edýän ahyryn» diýýän adam gor, ok we ölüm ýagdyrýan kişi ýalydyr.
[20] Odun gutaranda, ot sönýändir, şugulçynyň ýok ýerinde dawa tükenýändir.
[21] Kömür köz üçin, odun ot üçin, jenjelçi dawa tutaşdyrmak üçin gerek.
[22] Gybatkeşiň sözleri datly lukma kimindir, olar hut içiňe siňýändir.
[23] Süýji dilli hem ýaman ýürekli adam kümüş suwy çaýylan toýun gap ýalydyr.
[24] Ýigrenjini dili bilen örtýändir, göwnünde bolsa hile saklaýandyr,
[25] onuň mylaýym gepleýşine ynanma, çünki ýüreginde ýedi ýigrenç bardyr.
[26] Ýigrenjini hile bilen örtse-de, ýamanlygy jemagata aýan bolýandyr.
[27] Kim gorp gazsa, oňa özi ýykylar, kim ýokary daş togalasa, ol öz üstüne gaýdar.
[28] Ýalançy dil ynjydýan adamlaryny ýigrenýändir, ýaranjaňlyk edýän dil heläkçilik döredýändir.