[1] Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.
[2] Adamyň ähli ýoly öz gözüne dogrudyr, emma ýürekdäkini ölçeýän Rebdir.
[3] Dogrulyk we adalatlylyk etmek Rebbe gurbanlyk berenden ýakymlydyr.
[4] Ulumsy nazar, tekepbir ýürek, erbetleriň çyrasy günädir.
[5] Janypkeşiň maksady diňe bolçulyga getirýär, alňasak adamlaryň bary mätäç düşýändir.
[6] Ýalan söz bilen toplanan hazyna ölüme kowalap barýan ümür-dumandyr.
[7] Erbetleriň zorlugy özlerini süpürip äkidýändir, çünki olar adalaty berjaý etmekden boýun gaçyrýandyr.
[8] Ýazyklynyň ýoly egridir, päkleriň bolşy dogrudyr.
[9] Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan, üçegiň bir burçunda ýaşamak ýegdir.
[10] Erbediň göwni ýamanlyk küýseýär, ýakyny onuň göwnünden turmaýar.
[11] Masgaralaýja jeza berlende, nadan akylly bolýandyr, dana adam tälim alanda, bilimini artdyrýandyr.
[12] Dogruçyl erbediň öýüni synlaýar, erbetler heläkçilige barýar.
[13] Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň öz dady-perýadyna-da jogap berilmez.
[14] Gizlin berlen sowgat gahary, goltuga sokulan para güýçli gazaby ýatyrýar.
[15] Adalaty berjaý etmek dogruçyl adama şatlykdyr, ýaman iş edýäne heläkçilikdir.
[16] Düşünje ýolundan sowlan ölüler toparynda ornaşar.
[17] Hezilligi söýýän mätäçdir, şeraby we ýagy söýýän baýamaz.
[18] Erbetler dogruçyl üçin, biwepalar hem sadyk üçin töleg bolar.
[19] Igenjeň hem gaharjaň aýal bilen ýaşandan, çölde ýaşamak gowudyr.
[20] Arzyly hazyna hem ýag dananyň jaýyndadyr, akmak bolsa baryny symyşlar.
[21] Dogruçyllyk hem sadyklyk yzlaýan adam ýaşaýyş hem hormat tapar.
[22] Akyldar adam güýçlüleriň şäherine baryp, olaryň bil baglaýan berkitmesini ýumurýar.
[23] Agzyna we diline berk janyny beladan goraýandyr.
[24] Çendenaşa bihaýa iş edýän gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr.
[25] Ýaltany öz höwesi öldürýär, çünki onuň elleri işden boýun gaçyrýar.
[26] Ol uzak gün açgözlük bilen isleýär, dogruçyl bolsa ölçemän berýär we gysganmaýar.
[27] Erbetleriň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.
[28] Galp şaýat heläk bolar, diňleýän adamyň sözi dowam eder.
[29] Erbet adam ýüzüni galňadýandyr, dogruçyl adam bolsa öz ýoluny oýlaýandyr.
[30] Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.
[31] At söweş güni üçin seýislenýändir, emma ýeňiş Rebdendir.