[1] Üzňelikde ýaşaýan öz islänini edýändir, ol ähli sagdyn öwüde garşy gidýändir.
[2] Akmak adam düşünjeden däl-de, diňe öz pikirini aýtmakdan keýplenýändir.
[3] Erbetlik bilen ýigrenç gelýändir, biabraýlyk bilen-de masgaraçylyk.
[4] Ynsanyň agzyndan çykýan sözler düýpsüz suwlar kimindir, danalyk bolsa joşup akýan bulak mysalydyr.
[5] Hökümde erbediň tarapynda bolup, dogruçyly haksyz çykarmak dürs däldir.
[6] Akmagyň dili jenjel turuzýar, onuň agzy taýagy çagyrýar.
[7] Akmaga dilinden bela gelýändir, onuň dodagy janyna duzakdyr.
[8] Gybatkeşiň sözleri datly lukma ýalydyr, olar garnyňa siňýär.
[9] Işinde ýaltalyk edýän ýumrujynyň doganydyr.
[10] Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.
[11] Baýlaryň baýlygy – olaryň berk galasy, onuň hyýalynda beýik haýat kimindir.
[12] Heläkçilikden öň adamyň ýüregi tekepbir bolýandyr, hormat pes göwünlilikden soň gelýär.
[13] Diňlemän jogap bermek akmaklyk hem utançdyr.
[14] Adamyň derdini ruhy çekip bilýär, ýöne synyk ruha kim çydam eder.
[15] Paýhasly adam bilim alýandyr, danalygyň gulagy bilim agtarýar.
[16] Sowgat gapylary açýar, emeldarlaryň ýanyna eltýär.
[17] Başga biri gelip, oňa sorag berýänçä, dawada ilki geplän dogry ýaly görünýändir.
[18] Bije dawany togtadýandyr, güýçli garşydaşlaryň arasyndaky meseläni çözýändir.
[19] Öýkeli dogan içine aralaşyp bolmaýan berk galadyr, aralykdaky dawa bolsa, galanyň gözenekli gapysy ýalydyr.
[20] Adam agzynyň miwesinden kanagatlanýar, diliniň hasylyndan doýýar.
[21] Ölümem, ýaşaýyşam diliň ygtyýarynda, dili söýýän hasylyndan iýer.
[22] Gowy aýala gowşan gowulyk tapýandyr we Rebbiň razylygyny gazanýandyr.
[23] Garyp ýalbaryp gepleýändir, baý bolsa gödek jogap berýändir.
[24] Dosty köp bolanyň heläkçiligi-de bolar, ýöne dogandan-da ýakyn dost bar.