Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:49

[1] Erbet adam hiç kim kowalamasa-‑da gaçýandyr, dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr.

[2] Ýurt gozgalaň etse, serdary köpelýändir, aň-düşünjeli adam arkaly bolsa, abadanlyk dowam edýändir.

[3] Ejizleri ezýän garyp hasyly süpürip äkidýän çabga ýalydyr.

[4] Kanuny bozýanlar erbetleri öwýändir, kanuny saklaýanlar bolsa olar bilen göreşýändir.

[5] Ýaman adamlar adalata düşünýän däldir, Rebbi agtarýanlar bolsa oňa doly düşünýändir.

[6] Sadyk ýolda gezýän garyp egri ýoldan ýöreýän baýdan ýagşydyr.

[7] Düşünjeli ogul kanuny saklaýar, horanlar bilen ýoldaş bolan atasyna ysnat getirer.

[8] Peýda we göterim bilen baýlygyny artdyrýan ony garyplara sahawat edýän adam üçin ýygnaýandyr.

[9] Kim kanuny diňlemezlik üçin gulagyny dykýan bolsa, onuň Hudaýdan dilegi-de ýigrenjidir.

[10] Kim dogruçyllary ýaman ýola çekýän bolsa, öz gazan gorpuna özi ýykylar. Sadyklar bolsa ýagşylygy miras alarlar.

[11] Baý öz gözüne akyllydyr, düşünjeli garyp bolsa ony synlap tanaýandyr.

[12] Dogrular üstün çykanda, uly dabara bolýandyr, emma erbetler güýje eýe bolsa, adamlar bukulýandyr.

[13] Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.

[14] Mydama Rebden gorkýan adam nähili bagtly! Ýüregini gataldýanlar bolsa bela uçraýar.

[15] Ejiz halkyň erbet hökümdary arlaýan arslan, topulýan aýy ýalydyr.

[16] Düşünjesiz hökümdar juda zalymdyr, adalatsyz gazanjy ýigrenýän bolsa ömrüni uzaldýandyr.

[17] Biriniň ganyna galan adam gabra çenli gaçar, ony hiç kim goldamasyn.

[18] Sadyk gezýänler halas bolar, egri ýolly adamlar bolsa duýdansyz ýykylar.

[19] Öz ýerini bejerýäniň nany bol bolar, boş işlere kowalaşýan garyplyga duçar bolar.

[20] Sadyk adamyň ýalkawy köp bolar, baýlygyň yzynda hars urýan bolsa jezasyz galmaz.

[21] Tarapgöý bolmak ýagşy däldir, bir döwüm nan diýip ynsan ýazykly bolar.

[22] Gysganç adam baýlygyň yzynda hars urup, başyna garyplygyň geljegini bilýän däldir.

[23] Dili bilen ýaranjaňlyk edýänden, birine käýeýän köp göwün awlar.

[24] Ata-enesini talap, ýene «Bu ýazyk däldir» diýýän garakçynyň şärigidir.

[25] Açgöz adam jenjelçidir, Rebbe bil baglaýan bolsa doklukda ýaşar.

[26] Özüne ynanýan akmakdyr, parasatly gezýän bolsa gutular.

[27] Ýoksula ýardam edýän mätäç bolmaz, görmezlige salýan bolsa, näletsiz galmaz.

[28] Erbetler güýje eýe bolanda, adamlar bukulýandyr, olar heläk bolanda bolsa, dogruçyllar güýçlenýändir.

Süleýmanyň pähimleri — Chapters