[1] Oglum, karz aljaga kepil geçip, oňa derek el beren bolsaň,
[2] öz diliňden duzaga düşensiň, öz sözleriň bilen tutulansyň.
[3] Ondan halas bolmak üçin şeýle etmeli, oglum. Ýakynyň penjesine düşeniňe görä, bar-da, onuň öňünde özüňi kiçelt. Ýalbar.
[4] Gözüňe uky berme, gabagyňy ýumma.
[5] Awçydan gaçan jeren kimin, guşbazyň elinden sypan guş kimin özüňi gutar.
[6] Eý, ýalta, garynjanyň ýanyna bar; olaryň işleýşine seret-de, akyl al!
[7] Olaryň ne baştutany, ne gözegçisi, ne-de hökümdary bar.
[8] Tomusda öz iýmitini toplaýarlar, orakda öz azygyny ýygnaýarlar.
[9] Eý, ýalta kişi, sen haçana çenli ýatjak? Ukudan haçan oýanjak?
[10] -
[11] Birazajyk uklamak, biraz irkilmek üçin, gyşaryp gol gowşuranyňda, garyplyk garakçy ýaly, mätäçlik ýaragly adam mysaly başyňdan iner.
[12] Deýýus bilen ýamanyň ýalan ýaşaýar agzynda.
[13] Ol gözlerini gypýar, aýaklary bilen yşarat edýär, barmagy bilen ümleýär.
[14] Ýüreginde mekir niýet bar, mydama dawa-jenjel turuzýar.
[15] Şonuň üçin oňa betbagtçylyk duýdansyz iner; pagyş-para bolar, şypa tapylmaz.
[16] Reb alty zady, dogrusy, ýedi zady ýigrenýändir:
[17] tekepbir gözi, ýalançy dili, bigünä gan dökýän eli,
[18] ýaman niýetli ýüregi, ýamanlyga ýortýan aýaklary,
[19] ýalan ýagdyrýan galp şaýady, doganlar arasynda dawa döredýän adamy.
[20] Oglum, ataň buýrugyny berjaý et, eneň öwütlerinden ýüz öwürme.
[21] Olary mydam ýüregiňde sakla, boýnuňa bagla.
[22] Ýolbelet bolarlar saňa ýörän mahalyň; gorarlar seni ýatan mahalyň; gürrüňdeş bolarlar oýa wagtyňda.
[23] -
[24] Ýaman aýaldan, süýji dilli zynahor aýaldan goramak üçin, buýruk – çyra, öwüt – nur, käýinç-terbiýe – ýaşaýşa ýoldur.
[25] Onuň gözelligine ýüregiňden höwes etme, kirpikleriniň ýesiri bolma.
[26] Lolynyň bahasy bir döwüm çörege dursa-da, bu kemçin gymmatly jany awlaýandyr.
[27] Kim eteginde ot göterer-de, eşigini ýakmaz?
[28] Kim közüň üstünden ýörär-de, dabany köýmez?
[29] Ýakynynyň aýalyna ýanaşan hem şeýle bolýar; oňa el degren jezasyz galmaz.
[30] Açka garnyny doýurmak üçin ogurlan ogryny ýigrenýän däldirler ahyryn?
[31] Ýöne ol tutulsa, ýedi esse edip gaýtarar, öýüniň bar baýlygyny bermeli bolar.
[32] Zyna edýän adam kemakyldyr, ol öz janyny heläk edýär.
[33] Ol tenine ýara alar, biabraýçylyga uçrar, päklenip bolmajak uýada galar.
[34] Çünki gabanjaňlyk erkek kişini gazaplandyrýar, ol öç alanda, hiç rehim etmez.
[35] Ol seniň para-peşgeşiňe bakmaz, näçe töleseň-de, hiç razy bolmaz.