Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:48

[1] Süleýmanyň pähimleri Akylly ogul atasyna şatlykdyr, akmak ogul enesine gaýgydyr.

[2] Erbetlik bilen gazanylan baýlygyň peýdasy ýokdur, dogrulyk bolsa ölümden halas edýändir.

[3] Reb dogruçyly aç goýýan däldir, ýöne erbetleriň arzuwyny ret edýändir.

[4] Ýalta el garyplyk getirýär, işeňňir el baýlyk.

[5] Tomusda ýygnaýan parasatly oguldyr, Orak wagtynda uklaýan atasyny uýada goýýar.

[6] Dogrularyň başyna bereket ýagýar, erbediň dilinde zorluk gizlenýär.

[7] Dogrularyň ýatlanmagy ýalkanyşdyr, erbetleriň ady çüýreýändir.

[8] Kalbynda danalyk bolan öwüdi kabul eder, akmagyň dili bolsa bela elter.

[9] Sadyklykda gezen aman gezýändir, egri ýoldan ýörän aýan bolýandyr.

[10] Göz gypýan gam-gussa duçar bolar, akmagyň dili başyna bela getirer.

[11] Dogrularyň agzy ýaşaýyş bulagydyr, erbetleriň agzy zorlugy örtýändir.

[12] Ýigrenç gahar-gazaby oýarýar, söýgi bolsa bar ýazygy bagyşlaýar.

[13] Düşünjeli adamyň dilinden danalyk dökülýär, kemakylyň arkasyna bolsa gamçy garaşýar.

[14] Akyllylar bilimi goraýarlar, akmagyň dili bolsa heläkçilige getirýär.

[15] Baýyň galasy onuň baýlygydyr, garybyň ýoksullygy onuň heläkçiligidir.

[16] Dogrynyň gazanjy ýaşaýşa getirýär, erbetleriň gazanjy günä getirýär.

[17] Terbiýäni saklaýan ýaşaýyş ýolundadyr, käýinji ret edýän bolsa ýoldan azaşýandyr.

[18] Ýigrenji ýaşyrýan kişi – ýalançy, gybat ýaýradýan bolsa akmakdyr.

[19] Gepi köpüň ýazygy bardyr, emma agzyna eýelik edýän adam parasatlydyr.

[20] Dogruçylyň dili saýlama kümüşdir, erbetleriň ýüregi hiç zada durýar.

[21] Dogruçylyň agzy köpleri bakýar, akmaklar bolsa kemakyllykdan ölýär.

[22] Rebbiň berekedi baýlyk getirýär, Ol bu baýlyga dert-alada goşmaz.

[23] Akmak ýamanlyga şatlanar, düşünjeli adam danalyga.

[24] Erbediň gorkusy başyna geler, dogruçyllar myradyna ýeter.

[25] Tupan geçýär, erbetler ýok bolýar, dogruçyllar bolsa ebedi berkdir.

[26] Işýakmaza iş buýurmak, diliňe burç degen, gözüňe tüsse dolan ýalydyr.

[27] Rebden gorkmak ömri uzaldýandyr, erbediň ömri gysgalýar.

[28] Dogruçylyň umydy şatlyk getirýär, erbediň umydy puja çykýar.

[29] Rebbiň ýoly dogrulara penadyr, şerlere bolsa gorky-beladyr.

[30] Dogruçyl hiç haçan ornundan sarsmaz, erbetler ýer ýüzünde galmaz.

[31] Dogruçylyň dilinden danalyk ýaýraýandyr, ýalan sözleýän dil kesilip taşlanýandyr.

[32] Dogruçylyň agzy mynasyp sözi bilýär, erbediň agzyndan egrilik çykýar.

Süleýmanyň pähimleri — Chapters