Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:59

[1] Akylly ogul atasynyň öwredenini diňleýär, masgaralaýjy bolsa käýinje gulak asmaýar.

[2] Ýagşylar agzynyň miwesinden hasyl alar, ýöne haýynlaryň islegi zulumdyr.

[3] Diline berk janyny goraýandyr, agzyboşlar heläkçilige barýandyr.

[4] Ýaltanyň göwni isleýär, ýöne hiç zat gazanmaýar, janypkeşiň göwni bolsa dokmädedir.

[5] Dogruçyl ýalan sözi ýigrenýär, erbet bolsa ryswalyk getirýär.

[6] Dogruçyllyk dogrularyň ýoluny goraýar, ýöne günä erbetleri ýykýandyr.

[7] Biri bardyr, özüni baý görkezýändir, ýöne hiç zady ýok. Biri bardyr, özüni garyp görkezýändir, emma baýlygy köp.

[8] Adamyň baýlygy janyna töleg bolýar, ýöne garyp haýbaty diňleýän däldir.

[9] Dogruçylyň nury şöhle saçýar, erbediň çyrasy öçýär.

[10] Tekepbirlikden diňe jedel döreýär, maslahat soraýanda danalyk.

[11] Duýdansyz gelen baýlyk barha azalar, el bilen çöpleýän köp gazanar.

[12] Uzaga çeken tama ýürek derdidir, hasyl bolan isleg ýaşaýyş daragtydyr.

[13] Öwüdi äsgermeýän özüni heläk edýär, buýrugy saklaýan bolsa sylag-‑serpaý alýar.

[14] Akyldaryň öwüdi ölüm duzagyndan sowýan ýaşaýyş çeşmesidir.

[15] Sagdyn pikir merhemet gazanýar, haýynyň ýoly muşakgata barýar.

[16] Seresaplylar bilim bilen iş edýändirler, akmak bolsa samsyklygyny görkezýändir.

[17] Erbet ilçi başa bela getirýär, sadyk ilçi bolsa şypa getirýär.

[18] Öwüt-nesihaty ret eden garyplyk hem biabraýlyk alar, käýinji kabul edene hormat.

[19] Amala aşan arzuw jana rahatlyk berýär, ýamanlykdan aýrylmagy akmak ýigrenýär.

[20] Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar, akmak bilen gatnaşýan zyýana galar.

[21] Günäkäri betbagtlyk kowalaýar, dogruçyllar bolsa ýagşylyk sylagyny alýar.

[22] Ýagşy adam agtyk-çowluklaryna-‑da miras galdyrýar, ýöne günä edýänleriň baýlygy dogrulara galýar.

[23] Garybyň ýeri bol hasyl berýär, ýöne ol adalatsyzlyk bilen süpürilip äkidilýär.

[24] Taýagyny gaýgyrýan adam ogluny ýigrenýändir, ony söýýän bolsa wagtynda terbiýe berýär.

[25] Dogruçylyň doýýança iýjegi bardyr, emma erbetleriň garny aç galar.

Süleýmanyň pähimleri — Chapters