Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:29

[1] Oglum, akyllylygy gorar ýaly, dodagyň bilimi gorar ýaly, meniň danalygyma üns ber; düşünjäme gulak as.

[3] Çünki bozuk aýalyň dodagyndan bal damýandyr, sözleri ýagdan ýumşakdyr.

[4] Emma soňunda ýowşan ýaly ajydyr, ikiýüzli gylyç ýaly ýitidir.

[5] Onuň aýaklary ölüme, ädimleri ölüler dünýäsine tarapdyr.

[6] Ol ýaşaýşa barýan ýol barada oýlanmaýar; ugry bulaşyk, özi muny bilmeýär.

[7] Şonuň üçin, ogullarym, meni diňläň, agzymyň sözlerinden çykmaň.

[8] Ol aýaldan gaça duruň, onuň bosagasyna ýakynlaşmaň.

[9] Ýogsa abraýdan düşersiň, zalyma bergidar bolarsyň.

[10] Çeken azabyň hözirini başgalar görer, gazanjyň özgäniň öýüne gider.

[11] Ah çekip nalarsyň ömrüň soňunda, teniň hem bedeniň guranda.

[12] Diýersiň şonda: «Men näme üçin terbiýäni ýigrendim, ýüregim-de käýinji ret etdi?

[13] Mugallymlarymy diňlemedim, öwredýänlere gulak asmadym.

[14] Jemlenen jemagatyň öňünde, tas masgara bolupdym».

[15] Suwy diňe öz guýyňdan, öz çeşmäň akaba suwundan iç.

[16] Çeşmeleriň köçelere, bulaklaryň meýdançalara ýaýrasynmy?

[17] Olary özge bilen paýlaşma, olar diňe özüňki bolsun.

[18] Bulagyň suwlary ak pataly bolsun, ýaşlykda öýleneniňe guwan.

[19] Ol bir söýgüli jeren, näzik maral ýalydyr, onuň göwüsleri seni gandyrsyn. Mydama keýpli joş.

[20] Oglum, seni näme üçin başga aýal joşdurmaly? Näme üçin zynahor aýaly bagryňa basjak?

[21] Ynsanyň ýollary Rebbiň gözüniň alnyndadyr, olaryň ähli ýodalaryny synlaýandyr.

[22] Erbetler öz etmişinde tutulyp, günälerine baglanýarlar.

[23] Olar terbiýesizlikden ölerler, aşa akmaklygyndan azaşarlar.

Süleýmanyň pähimleri — Chapters