[1] Hökümdar bilen nahar iýmäge oturanyňda, öňüňde goýlana syn et.
[2] Horan bolsaň, bogazyňa pyçak goý.
[3] Onuň näz-nygmatyna höwes etme, çünki ol hileli çörekdir.
[4] Baýajak bolup agyr zähmet çekme, pähimli bol, bu pikiriňden el çek.
[5] Seniň gözüň baýlyga kaklyşanda, şol baýlyk gidýändir, çünki ol birden ganat çykaryp, bürgüt ýaly asmana uçýandyr.
[6] Gysganç adamyň çöregini iýme, onuň lezzetli näz-nygmatlaryna höwes etme.
[7] Çünki ol içinden peýdasyny hasaplaýan ýalydyr, «Iý, iç!» diýýändir, ýöne ýüregi seniň bilen däldir.
[8] Iýen lukmaňy gusarsyň, süýji sözleriňi ýele sowrarsyň.
[9] Akmaga söz aýtma, çünki ol aýdan danalygyňy ýigrener.
[10] Gadymy araçäk daşyny süýşürme, ýetimleriň ekin ýerinden alma.
[11] Çünki olaryň Hossary güýçli, olaryň dawasyny seniň bilen Ol tutar.
[12] Kalbyňy öwüt-nesihata, gulaklaryňy-da bilimli sözlere ber.
[13] Terbiýäni çagalaryňdan gaýgyrma; terbiýe taýagy olary öldürmez.
[14] Eger sen olary taýak bilen ursaň, janlaryny ölüler dünýäsinden halas edersiň.
[15] Oglum, seniň ýüregiň akylly bolsa, meniň ýüregim hem şatlanar.
[16] Sen dogry sözläniňde, meniň göwnüm şatlanar.
[17] Günäkärlere gözüň gitmesin, mydam Rebden gorkup gez.
[18] Çünki seniň geljegiň bolar ahyryn, umydyň üzülmez.
[19] Oglum, diňle, sen akylly bol, ýüregiňi dogry ýola sal.
[20] Şerap içegenleriň ýa-da et iýegenleriň arasynda bolma.
[21] Çünki içegen we iýegen har düşer, ukuçyllyk bolsa adama ýyrtyk jul geýdirýändir.
[22] Ataňy diňle, ol seni dünýä inderdi, eneňi ýigrenme garran wagtynda.
[23] Hakykaty satyn al, ony satma. Danalygy, öwüdi, paýhasy hem satyn al.
[24] Dogruçylyň atasy köp begener, parasatly perzendi dünýä inderen, oňa guwanar.
[25] Ata-eneň guwansyn, seni dogran begensin.
[26] Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.
[27] Çünki loly düýpsüz gorpdur, kemçin-de dar guýudyr.
[28] Ol garakçy kimin ýolda peýläp durup, wepasyzlaryň sanyny artdyrýar.
[29] Ah çekýän kim? Wah çekýän kim? Jenjel kimiňki? Nala kimiňki? Sebäpsiz ýaralanan kim? Gözleri gyzaran kim?
[30] Şerabyň başynda uzak oturýanlaryňky, garyşyk içgini içip görýänleriňki.
[31] Şerabyň alyna, pyýalada öwşün atyşyna, aňsatlyk bilen aşak sarkýanyna bakma.
[32] Soňunda ýylan kimin çakýandyr, alahöwren bolup sokýandyr.
[33] Gözleriň geň-taň zatlary görer, seniň aňyň egri sözler aýdar.
[34] Sen kä deňiz ortasynda ýatan ýaly, kä gäminiň bogaldagynda oturan ýaly bolarsyň.
[35] «Meni urdular, agyry duýmadym; meni ýençdiler, ony bilmedim. Ýaňadan içmek üçin, haçan turaryn?» diýersiň.