Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:45

[1] Ýamanlara gözüň gitmesin, olar bilen bile bolmak isleme.

[2] Çünki olaryň göwni zorluk barada pikir edýändir, dilleri içigaraçylygy gepleýändir.

[3] Öý danalyk bilen gurulýandyr, düşünje bilenem berkarar edilýändir.

[4] Bilim bilen öýüň içi gymmatly hem ýakymly baýlykdan dolýandyr.

[5] Parasatly adam güýçlülerden güýçlüdir, bilimli adam öz güýjüni artdyrar.

[6] Çünki sen urşuňy sagdyn maslahat bilen alyp barýarsyň, maslahatçynyň köp ýerinde ýeňiş bardyr.

[7] Akmak üçin danalyk örän belentdedir, mejlisde ol agzyny açyp bilmeýär.

[8] Niýetini ýamana dikýäne pitneçi diýilýändir.

[9] Akmaklygy niýetlemek günädir, masgaralaýjy bolsa adamlara ýigrenjidir.

[10] Agyr günde tapdan düşseň, seniň güýjüň azdyr.

[11] Ölüme alnyp barylýanlary halas et, büdräp barýanlary yzyna çek.

[12] Eger sen: «Biz bilmedik» diýseň, ýürekleri Synaýan muny bilmezmi? Seniň janyňy Goraýan ony aňmazmy? Ol her kime işine laýyk gaýtarmazmy?

[13] Oglum, bal iý, çünki ol ýakymlydyr, bal damagyňa datlydyr.

[14] Danalyk hem seniň janyňa bal ýalydyr, ony tapsaň, geljegiňi taparsyň. Umydyň üzülmez.

[15] Erbet adam ýaly dogruçylyň mesgenine garşy bukuda ýatma, onuň ýurduny ýykma.

[16] Çünki dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerden galýandyr, erbedi betbagtlyk ýykýandyr.

[17] Duşmanyň ýykylanda şatlanma, büdrese ýüregiň begenmesin.

[18] Ýogsa ony Reb görüp, Ol senden närazy bolar, gaharyny duşmanyňdan sowar.

[19] Ýamanlyk edýänler üçin gaharyňy getirme, erbetlere gözüň gitmesin.

[20] Çünki olaryň geljegi bolmaz, erbetleriň çyrasy öçer.

[21] Oglum, Rebden hem patyşadan gork. Olara garşy pitneçiler bilen gatnaşyk etme.

[22] Çünki olaryň betbagtlygy duýdansyz geler, Reb hem patyşadan ýetjek weýrançylygy kim biler?

[23] Şular hem akyldarlaryň sözleridir: Hökümde tarapgöýlik etmek ýagşy däldir.

[24] Erbede: «Sen dogrusyň» diýeni halklar näletlär, ony milletler ýigrener.

[25] Karar çykarýanlaryň şähdi şat bolar, olara ýagşy alkyşlar geler.

[26] Dogry jogap dodagyňdan ogşalýan ýalydyr.

[27] Daşardaky işleriňi bitir, ekin meýdanyňy tertibe sal, soňra öýüňi gur.

[28] Ýakynyňa sebäpsiz ýere şaýatlyk etme, diliň bilen aldama.

[29] «Maňa näme eden bolsa, menem şony ederin, etmişine görä gaýtararyn» diýme.

[30] Men ýalta adamyň meýdanyndan, kemakylyň üzüm bagynyň gapdalyndan geçdim.

[31] Ine, bar ýeri haşal ot basan eken, üstüni bürmek örten eken, daşyndaky diwary ýykylan eken.

[32] Nazar saldym hem oýa batdym, görenimden sapak aldym.

[33] -

[34] Birazajyk uklamak, biraz irkilmek üçin, gyşaryp gol gowşuranyňda, garyplyk galtaman ýaly, mätäçlik ýaragly adam mysaly başyňdan iner.

Süleýmanyň pähimleri — Chapters