Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:47

[1] Oglum, meniň sözlerimi sakla, buýruklarymy unutma.

[2] Buýruklarymy sakla, şonda ýaşarsyň, öwütlerimi gözüň göreji ýaly aýa.

[3] Olary barmaklaryňa dak, ýüregiň gatyna ýazyp goý.

[4] Özüňi zynahor aýaldan saklar ýaly, süýji dilli başga aýaldan gorar ýaly, danalyga: «Sen meniň uýam» diý. Paýhasa: «Garyndaşym» diý.

[6] Bir gezek men öz öýümiň penjiresinden, gözenegiň arasyndan aşak seredýärdim.

[7] Nadan jahyllaryň arasynda bir kemakyl ýaş ýigidi gördüm.

[8] Alagaraňkyda, agşamara, gije aralaşyp, garaňky düşende, burçdaky ol aýalyň öýüne golaý köçeden geçip, onuň öýüne tarap barýar.

[10] Seret, bir aýal öňünden çykdy, loly lybasyndaky gara ýürekli aýal ony garşy aldy.

[11] Ol şermendedir hem hötjetdir, öz öýünde oturyp bilmez.

[12] Bir görseň köçede, bir görseň bazarda, her burçda bir adama garaşýandyr.

[13] Aýal ýigidi gujagyna garbap, ony ogşaýar, ýüzüni galňadyp, şeýle diýýär:

[14] «Men şu gün wadamy ýerine ýetirdim, salamatlyk gurbanlygyny berdim.

[15] Şonuň üçin seni garşylamaga çykdym, gözlegiňe çykdym-da, indi tapdym.

[16] Dürli gülli müsür matasyndan düşek ýazdym.

[17] Düşegime hoşboý ysly mür, ahalot hem dalçyn sepdim.

[18] Gel, ertire çenli yşkdan doýup-ganýançak, aýşy-eşretden lezzet alaly.

[19] Çünki ärim öýde ýok; ol uzak ýola gitdi.

[20] Ýanyna kümüşli horjunyny aldy. Aý dolýança, öýe dolanmaz».

[21] Ençeme söz bilen özüne maýyl edýär, süýji dili bilen ýigidi yrýar.

[22] -

[23] Ýigit öldürilmäge alnyp barylýan öküz ýaly, bagryndan ok geçýänçä, duzaga howlugýan sugun ýaly, janynyň kastynadygyny bilmän tora barýan guş mysaly, aýalyň yzyna düşýär.

[24] Şol sebäpli, ogullarym, maňa gulak goýuň, aýtjak sözüme üns beriň.

[25] Ýüregiňiz onuň ýoluna yrylmasyn, onuň ýodalarynda azaşmaň.

[26] Çünki ol köpleri ýaralap ýykdy, pidalary sansyz-sajaksyzdyr.

[27] Onuň öýi ölüler dünýäsiniň ýoludyr, ölüme inýändir.

Süleýmanyň pähimleri — Chapters