[1] Ertirki günüň barada öwünme, çünki sen günüň näme getirjegini bilýän dälsiň.
[2] Seni öz agzyň däl, başgalar öwsün, öz diliň däl, keseki öwsün.
[3] Daş agyrdyr, çäge ýükdür, ýöne akmagyň meçew bermegi ol ikisinden-de agyrdyr.
[4] Gazap zabundyr, gahar sil kimindir, emma gabanjaňlygyň öňünde kim durup biler?
[5] Açyk käýinç ýaşyryn söýgüden gowudyr.
[6] Dostuň salan ýarasy wepalylykdandyr, ýöne duşmanyň posalary köpdür.
[7] Dok adam baly ýigrenýändir, aç kişä ajy zatlar hem süýjüdir.
[8] Höwürtgesinden daş giden guş nähili bolsa, öz öýünden daşlaşan adam-da şeýledir.
[9] Hoşboý ýag we atyr ýüregi şatlandyrýandyr, ýakynyň ýakymy ýürekden beren maslahatyndadyr.
[10] Öz ýakynyňy, ataň ýakynyny terk etme, başyňa bela gelen güni doganyň öýüne gitme, uzakdaky dogandan, ýakyn goňşy ýagşydyr.
[11] Oglum, akylly bol, meniň ýüregimi şatlandyr, şonda gyjalat berseler, men jogap bererin.
[12] Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir, nadan bolsa, öňe geçip zyýan çekýändir.
[13] Nätanşa kepil bolanyň geýimini al, kesekä kepil bolandan girew al.
[14] Biri daň-säher turup, gaty ses bilen goňşusyndan saglyk-amanlyk sorasa, oňa nälet saýylar.
[15] -
[16] Igenjeň aýal hem üznüksiz damýan damjalar biri-birine meňzeşdir. Ol aýaly saklamak ýeli duruzmak ýa-da sag eliň bilen ýagy gysymyňda saklamak ýalydyr.
[17] Demir demri, adam adamy ýiteldýändir.
[18] Injir agajyna seredýän onuň miwesini iýer, hojaýynyna seredýän hormatly bolar.
[19] Suwuň ýüzünde ýüzüň görnüşi ýaly, adam ýüreginde hem özi görünýär.
[20] Ölüler dünýäsiniň we heläkçilik ýeriniň doýmaýşy ýaly, adamyň gözi-de asla doýýan däldir.
[21] Kümüş göweçde, altyn kürede synalýan bolsa, adam hem öwgüde synalýandyr.
[22] Akmagy sokuda galla garyp, sokudaşy bilen döwseň-de, ondan akmaklygy aýrylmaz.
[23] Öz sürüleriň ýagdaýyny ýagşy bil, mallaryňa üns ber.
[24] Çünki baýlyk ebedi däldir, täç-de elmydama nesilden-nesle geçýän däldir.
[25] Otlar orlup, maýsa görnende, daglaryň oty ýygnalanda,
[26] toklular seni geýindirer, tekeler meýdanyň bahasyny ödär.
[27] Geçileriň süýdi seniň iýjegiň, içeriň iýmiti, hyzmatkäriň güzeranyna hem ýeterlik bolar.