[1] Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.
[2] Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir. Erbetler höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir.
[3] Danalygy söýýän ogul atasyny şatlandyrýandyr, emma lolulara ýaran bolan mal- -mülküni ýoklaýandyr.
[4] Patyşa ýurdy adalat bilen berkidýändir, para alýan bolsa ony tozdurýandyr.
[5] Ýakynyna ýaranjaňlyk edýän adam onuň aýagyna tor gurýandyr.
[6] Ýaman adamyň ýazygy özüne gapandyr, dogruçyl bolsa aýdym aýdyp şatlanýandyr.
[7] Dogruçyl adam ejizleriň hakyna üns berýändir, erbet bolsa şu meselä düşünýänem däldir.
[8] Masgaralaýjy adamlar şäherde ot gorsaýandyrlar, akyldarlar bolsa gahar-gazaby köşeşdirýändirler.
[9] Akylly adam akmak bilen kazyýetde dawalaşanda, akmak gyzanda-da, gülende-de rahatlyk bermez.
[10] Ganhor aýypsyz adamlary ýigrenýändir, hatda dogry adamlaryň janyny almakçy bolýandyr.
[11] Akmak bar gaharyny daşyna çykarýandyr, akylly adam bolsa gaharyna basalyk berýändir.
[12] Hökümdar ýalan söze gulak salsa, onuň ähli emeldarlary erbet bolar.
[13] Garyp bilen zalymyň bir meňzeşligi bar, ikisiniň gözüne-de Reb ýagtylyk berýär.
[14] Patyşa ejizlere adalatly höküm çykarsa, onuň tagty ebedi berkarar bolar.
[15] Taýak we käýinç danalyk getirýändir, başyna goýberilen çaga bolsa enesini utanja goýýandyr.
[16] Erbetler güýçlenende, ýazyk hem köpelýändir, dogruçyllar bolsa olaryň ýykylýanyny görerler.
[17] Ogluňy terbiýele, ol saňa rahatlyk berer, özüňe ýakymly bolar.
[18] Gökden aýanlyk bolmasa, halk jylawsyz bolýandyr. Kanuny berjaý edýän bolsa bagtlydyr.
[19] Gul diňe söz bilen terbiýelenýän däldir, çünki düşünse-de gulak asmaz.
[20] Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.
[21] Kim guluny ýaşlykdan läliksireden bolsa, soňunda ony mirasdary etmeli bolar.
[22] Gaharjaň adam jenjel turuzýandyr, gazaply adam ýazyk etdirýändir.
[23] Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr.
[24] Ogry bilen şärik bolýan özüni ýigrenýändir, ol günälenmegi eşitse-de, hiç gepläp bilmeýär.
[25] Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr.
[26] Hökümdaryň gözüne ilmek isleýän köpdür, ýöne adam adalaty Rebden alýandyr.
[27] Adalatsyz adam dogruçyllara ýigrenjidir, dogry adam hem erbetlere ýigrenjidir.