Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:20

[1] Bular hem Süleýmanyň pähimleridir. Olary Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň emeldarlary göçürip alypdyrlar.

[2] Ýaşyryn iş Hudaýyň şöhratydyr, işi derňemek bolsa patyşanyň şöhratydyr.

[3] Asman belent, ýeriň aşagy çuň; patyşanyň ýüregi hem şeýledir, ony derňäp bolýan däldir.

[4] Kümüşden hapany aýyr, zergäre bir gap bolar.

[5] Erbet adamy patyşanyň huzuryndan aýyr, şonda tagt dogruçyllyk bilen berkarar bolar.

[6] Patyşanyň huzurynda özüňi ýokary tutma, beýikleriň ornunda durma.

[7] Çünki asylzadalaryň öňünde kiçelmegiňden, emeldaryň saňa: «Töre geç» diýmegi gowudyr. Gözüň gören zadyny

[8] derrew kaza getirme. Soňra ýakynyň seni utandyranda näme edersiň?

[9] Dawany ýakynyň özi bilen et, başganyň syryny paş etme.

[10] Ýogsa eşiden adam seni uýada goýar, hemişe ýaman atly bolarsyň.

[11] Ýerinde aýdylan söz kümüş mejimäniň içinde goýlan altyn alma ýalydyr.

[12] Diňleýän gulaga akyldaryň käýinji tylla ysyrga we altyn bezeg ýalydyr.

[13] Sadyk ilçi özüni iberenler üçin, orak wagtynda garyň salkynlygy ýalydyr. Ol öz hojaýynynyň nepesini janlandyrar.

[14] Berilmedik sowgat bilen öwünýän adam ýagmyrsyz bulut we boş ýel ýalydyr.

[15] Hökümdar sabyr bilen yrylýandyr, mylaýym söz iň kütegiň hem aňyna ýetýändir.

[16] Bal tapdyňmy? Ýeterlik iý, aşa düşüp gusaýma.

[17] Ýakynyň öýüne ýygy-ýygy barmakdan aýagyňy kes, senden irip, seni ýigrenäýmesin.

[18] Ýakynyna garşy galp şaýatlyk edýän adam gürzüdir, gylyçdyr, ýiti okdur.

[19] Aladaly günde wepasyz adama ynanmak, çüýrük dişe we maýyp aýaga ynanan ýalydyr.

[20] Gamly ýürege aýdym aýtmak sowuk howada geýim çykarmak we ýara sirke guýmak ýalydyr.

[21] Eger duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa suw ber.

[22] Şonda onuň başyna köz goýarsyň, Reb seni sylaglar.

[23] Demirgazyk ýeli ýagyş getirýändir, gybatkeş dil ýüzleri gaharly edýändir.

[24] Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan, üçegiň bir burçunda ýaşamak gowudyr.

[25] Uzak ýurtdan gelen hoş habar teşne bokurdaga sowuk suw ýalydyr.

[26] Erbetleriň öňünde ýan beren dogruçyl adam bulandyrylan çeşme, hapalanan bulak mysalydyr.

[27] Baly köp iýmek ýagşy däldir, şöhratparazlykdan şöhrat gözlemek gowy däldir.

[28] Özüne buýrup bilmeýän kişi diwarsyz, weýran edilen şäher kimindir.

Süleýmanyň pähimleri — Chapters