Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:34

[1] Oglum, unutma öwredenlerimi, buýruklarymy kalbyňda sakla.

[2] Çünki olar ömrüň ýyllaryny uzaldar, abadanlygyňy köpelder.

[3] Sadyk söýgiňi terk etme. Bagla olary boýnuňa. Ýüregiň gatyna ýazyp goý.

[4] Şonda sen Hudaýyň hem adamlaryň nazarynda merhemet we abraý taparsyň.

[5] Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla.

[6] Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.

[7] Özüňi akylly saýma; Rebden gork, ýamandan çekil.

[8] Şonda seniň janyňa sagdynlyk, bedeniňe şypa berler.

[9] Rebbi bütin baýlygyň hem ilkinji hasylyň bilen hormatla.

[10] Şonda seniň ammaryň dolup-daşar, çelekleriň täze şerapdan joşar.

[11] Rebbiň terbiýesini terk etme, oglum. Onuň käýinjine gysynma.

[12] Çünki atanyň eý görýän ogluna temmi berşi ýaly, Reb hem söýenini terbiýeleýändir.

[13] Danalyk tapan, düşünje gazanan adam bagtlydyr.

[14] Çünki onuň girdejisi kümüşden, peýdasy altyndan artykdyr.

[15] Danalyk jöwherden gymmat, hiç bir arzyly zat oňa taý gelmez.

[16] Uzak ömür onuň sag elinde, baýlyk hem şöhrat sol elinde.

[17] Onuň ýollary ýakymly ýoldur, barça ýodalary hem salamatlykdyr.

[18] Ýapyşanlar üçin ol durmuş daragtydyr. Ony gaýym tutanlar bagtlydyr.

[19] Reb danalyk bilen jahany bina etdi; düşünje bilen gökleri ýerleşdirdi.

[20] Onuň biliminden çuňluklar böwsüldi, bulutlar çygyny pürkdi.

[21] Oglum, danalygy, akyllylygy gorap sakla, gözüňden salma.

[22] Şeýle etseň, olar janyňa ýaşaýyş, boýnuňa bezeg bolar.

[23] Onsoň aman-esen gezersiň, büdremersiň.

[24] Otursaň arkaýyn bolarsyň, ýatsaň süýji uka gidersiň.

[25] Duýdansyz gelýän howpdan, erbetleriň başyna inen weýrançylykdan gorkma.

[26] Çünki Reb seniň ähtibaryň bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar.

[27] Eliňden gelýärkä, mätäçlerden ýardamyňy aýama.

[28] Eliňde barka, ýakynyňa: «Git, soň gel, ertir bererin» diýme.

[29] Saňa ynanyp, arkaýyn ýaşaýan ýakynyňa garşy ýaman niýet etme.

[30] Ýamanlyk etmedik adam bilen nähak jedelleşme.

[31] Zalyma gözüň gitmesin, onuň ýollaryny saýlama.

[32] Reb azgyn adamlary ýigrenýär, Ol dogruçyllara ýakyn bolýar.

[33] Reb erbetleriň öýüni näletleýär, dogruçyllaryň ýurduny bolsa ýalkaýar.

[34] Reb ýaňsylaýjylary ýaňsylaýandyr, pespäl adamlara rehim edýändir.

[35] Akyllylar şöhrata eýe bolarlar, akmaklar bolsa uýada galarlar.

Süleýmanyň pähimleri — Chapters