[1] Sionyň dogrulygy nur kimin, halas ediliş ýanyp duran çyra deý parlaýança, Sionyň hatyrasyna, Iýerusalimiň hatyrasyna dymmaryn.
[2] Milletler dogrulygyňy, patyşalar şöhratyňy görerler; Rebbiň Öz agzyndan çykan täze at bilen atlandyrylarsyň.
[3] Rebbiň elinde gözellik täji, Hudaýyňyň elinde şalyk jygasy bolarsyň.
[4] Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar.
[5] Ýigidiň gyza öýlenişi dek, ogullaryň-da saňa eýe çykarlar, giýewiň gelni üçin şatlanyşy dek, Hudaý-da seniň üçin şatlanar.
[6] Eý, Iýerusalim, diwarlaryňda gözegçiler goýdum, gije-gündiz asla dymmaz olar. Eý, Rebbe ýatladýanlar, özüňize dynç bermäň,
[7] Iýerusalimi berkidip, ony ýer ýüzüniň şöhraty edýänçä, oňa ynjalyk bermäň.
[8] Reb Öz sag elinden, güýçli golundan ant içdi: «Indi gallaňy duşmanlaryňa iýmit hökmünde bermerin, öz zähmetiň siňen şerabyňy kesekiler içmezler.
[9] Hasylyny ýyganlar iýip, Rebbe alkyş aýdarlar, ony toplanlar, mukaddes howlularymda içerler».
[10] Geçiň, geçiň derwezelerden! Halkyň ýoluny taýynlaň! Çekiň, çekiň şaýoly, ony daşlardan arassalaň, halklar üçin baýdak dikiň!
[11] Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi: «Sion gyzyna şeýle diý: „Ine, Halasgäriň gelýär; Onuň sylagy ýanyndadyr“».
[12] Olara «Mukaddes halk, Rebbiň azat edenleri» diýler, saňa bolsa «Hudaýyň agtarany, terk edilmedik şäher» diýler.