Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:01

[1] Efraýym serhoşlarynyň buýsanýan täjiniň dat gününe! Onuň şöhratly gözelligi solup barýan güller kimindir, hasylly deräniň başyndaky şäheriň dat gününe! Şerapdan doýanlar oňa guwanýarlar.

[2] Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar.

[3] Efraýymyň serhoşlarynyň buýsanjy bolan täji aýak astynda depelener.

[4] Hasylly deräniň başynda ýerleşen, şöhratly gözelligi solup barýan gül, tomusdan öň ýetişen injir dek bolar; ony gören, tiz ýolup iýer.

[5] Şol gün halkynyň aman galanlaryna şöhrat täji, gözellik jygasy bolar Hökmürowan Reb.

[6] Höküm kürsüsinde oturýana adalatlyk ruhy, derwezede duşmana zarba urýana medet bolar.

[7] Ruhanydyr pygamberler-de şerapdan ýaňa yraň atýarlar, çakyr zerarly entirekleýärler; şerap içip ýoldan çykýarlar, şerapdan başlary aýlanýar, çakyr zerarly entrekleýärler, nähak görnüşler görýärler, höküm edenlerinde büdreýärler.

[8] Ähli saçaklary gusukdan doly, arassa ýer ýokdur asla.

[9] «Olar bilimi kime öwredýärler? Habary kime düşündirýärler? Süýtden kesilenleremi? Emjekden aýrylanlaramy?

[10] Buýruk üstüne buýruk, buýruk üstüne buýruk, düzgün üstüne düzgün, düzgün üstüne düzgün, biraz bu ýerde, biraz ol ýerde».

[11] Indi bu halka keseki agzy bilen geplär Reb düşnüksiz dilde sözlär.

[12] Olara: «Bu dynçlyk ýeridir, argynlara dynç beriň, bu dynçlyk ýeridir» diýdi; emma diňlemek islemediler.

[13] Şonuň üçin olar gidip, arkan ýykylyp, ýaralanarlary ýaly, duzaga düşüp, tutulary ýaly, Rebbiň sözi olar üçin: «Buýruk üstüne buýruk, buýruk üstüne buýruk, düzgün üstüne düzgün, düzgün üstüne düzgün, biraz bu ýerde, biraz ol ýerde» bolar.

[14] Munuň üçin eý, masgaralaýjylar, Iýerusalimdäki bu halka hökümdarlyk edýän siz, Rebbiň sözüni eşidiň!

[15] Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.

[16] Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.

[17] Adalaty ölçeg ýüpi, dogrulygy terezi ederin; doly ýagyp ýalançylyk penasyny süpürip äkider, suwlar basar gaçybatalgany.

[18] Ölüm bilen eden ähtiňiz ýatyrylar, Gabyr bilen baglaşan ylalaşygyňyz puja çykar; uly betbagtçylyk gelende, ýer bilen ýegsan bolarsyňyz.

[19] Betbagtçylyk her geçende, sizi süpürip äkider, ol her säher, gije-gündizine geçer». Habara düşüneniňizde, sizi gorky gaplar.

[20] Üstünde uzalardan gysga bolar düşek, örtünmäge insiz bolar ýorgan.

[21] Öz işini, täsin işini, amalyny, geň amalyny ýerine ýetirmek üçin, Perazim dagyndaky ýaly aýaga galar Reb, Gibgon jülgesindäki ýaly gazaba müner.

[22] Indi masgaralamaňyzy bes ediň, ýogsam zynjyrlaryňyz agralar, bütin ýurduň weýran ediljekdigi barada karara gelendigini Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebden eşitdim.

[23] Gulak goýuň, sesimi eşidiň, üns beriň, sözümi diňläň.

[24] Sürümçiler ekin ekmek üçin dynuwsyz ýer sürýärlermi? Ýeri keşläp, malalap gezýärlermi?

[25] Ýeri tekizlänlerinden soň, künji, zire sepmeýärlermi? Bugdaýy hatarlaýyn, arpany öz ýerinde, ýazlyk bugdaýy-da öz ýerinde ekmeýärlermi?

[26] Hudaýy olara görkezme berer, öwreder.

[27] Künji döwek bilen döwülmez, tigir ýöredilmez ziräniň üstünden, künji tokmak bilen, zire-de taýak bilen döwülýär.

[28] Bugdaý çörek üçin üwelýär, emma ol ebedilik döwülmez, üstünden arabadyr atlar aýlansa-da, bugdaý üwelmez.

[29] Bu-da Hökmürowan Rebdendir, Onuň maslahaty ajaýyp, paýhasy beýikdir.

Işaýa — Chapters