[1] Şol döwürde Babyl patyşasy Baladanyň ogly Merodakbaladan Hizkiýa patyşanyň keselländigini we sagalandygyny eşidip, oňa wekillerinden hatlar bilen peşgeş ýollady.
[2] Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini şatlyk bilen kabul etdi; olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlary görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi.
[3] Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurt Babyldan geldiler» diýip jogap berdi.
[4] Işaýa: «Olar seniň köşgüňde nämeler gördüler?» diýip, Hizkiýadan sorady. Hizkiýa: «Olar meniň köşgümdäki zatlaryň ählisini gördüler. Ammarlarymda olara görkezilmedik zadym galmady» diýip jogap berdi.
[5] Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Hökmürowan Rebbiň sözüni eşit:
[6] „Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we ata-babalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz.
[7] Seniň öz bagryňdan önen ogullaryň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar“».
[8] Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Hizkiýa: «Meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolar» diýip pikir edýärdi.