Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:02

[1] «Eý, adalar, Meniň huzurymda dymyň, halklar täzeden güýç toplasynlar, olar ýakyna gelip, geplesinler; höküm üçin bile toplanalyň.

[2] Gündogardan dogry adamy aýaga galdyran kim? Ony hyzmatyna çagyran kim? Milletleri onuň eline berýär, patyşalary aýak astynda ezýär, olary gylyjy bilen tozana, sowrulan samana öwürýär ýaýy bilen.

[3] Kowalaýar olary, sag-aman geçýär aýak basmadyk ýodasyndan.

[4] Başdan nesilleri çagyryp, bulary eden, tamamlan kim? Men – Reb olar bilen ilkibaşdan boldum, ahyrda hem olar bilen boljak Mendirin.

[5] Adalar muny görüp, gorkýarlar, ýeriň aňry uçlary titreşýärler, olar ýakynlaşyp gelýärler.

[6] Hersi beýlekisine kömek edýär, biri-birine: „Batyr bol!“ diýýär.

[7] Hünärment zergäri, çekiç bilen tekizleýän sandala urýany ruhlandyrýar. Kebşirleýiş hakda: „Bu gowy boldy“ diýýär; gozganmaz ýaly çüý bilen berkidýär.

[8] Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, dostum Ybraýymyň nesilleri,

[9] ýeriň aňry ujundan topladym, uzak ýerlerden çagyryp: „Siz Meniň bendämsiňiz, Men sizi saýladym, terk etmedim“ diýdim.

[10] Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.

[11] Size garşy gazaplanýanlaryň ählisi utandyrylar, ile ryswa ediler. Hiç zat dek ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.

[12] Duşmanlaryňyzy tapyp bilmersiňiz agtararsyňyz-da, hiç zatça bolman ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.

[13] Hudaýyňyz Men – Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin.

[14] Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin. Muny Men – Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.

[15] Ine, Men sizi ýiti, täze, dişli döwek guraly etdim; siz daglary döwersiňiz, owradarsyňyz, baýyrlary saman çöpi kimin edersiňiz.

[16] Siz olary sowrarsyňyz, şemal olary uçuryp äkider, harasat olary pytradar. Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz, Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.

[17] Garyplar, mätäçler suw agtarýarlar, ýöne suw ýok; teşnelikden kepeýär agyzlary, Men – Reb olara jogap bererin, Ysraýyl Hudaýy Men olary terk etmerin.

[18] Men açyk depelerden derýalar, dereleriň ortasyndan bulaklar akdyraryn; çöli köle, gury ýeri suwly çeşmelere öwrerin.

[19] Çölde kedr, akasiýa, mirt, zeýtun agaçlaryny oturdaryn, serwini, çynary, arçany sährada bile dikerin.

[20] Onsoň hemmeler muny Rebbiň eliniň edendigini, Ysraýylyň Mukaddesiniň ýaradandygyny görerler, bilerler, akyl ýetirerler, düşünerler».

[21] Reb: «Dawaňyzy aýdyň» diýýär, Ýakubyň Patyşasy: «Subutnamaňyzy getiriň» diýýär.

[22] «Butlaryňyzy getiriň, goý, olar näme boljagyny aýtsynlar, oýlanyp, soňuny bilerimiz ýaly geçmişde bolanlary aýan etsinler, ýa-da boljak zatlary bize habar bersinler.

[23] Siziň hudaýlardygyňyzy bilerimiz ýaly, bize mundan soň boljak zatlary bildiriň; gorkup, heder ederimiz ýaly, ýa ýagşylyk, ýa-da ýamanlyk ediň.

[24] Emma siz hiç zatsyňyz, işleriňiz-de biderek; sizi saýlan ýigrenjidir.

[25] Men demirgazykdan birini öjükdirdim, ol gelýär, gündogardan adymy tutup çagyrýan biri. Ol küýzegäriň toýny depeleýşi kimin hökümdarlary palçyk kimin depelär.

[26] Biz biler ýaly, kim muny başlangyçdan yglan etdi? „Ol mamla“ diýerimiz ýaly, kim öňünden habar berdi? Hiç kim habar bermedi, hiç kim jar etmedi, hiç kim sözleriňizi eşitmedi.

[27] Ilki Siona: „Ine, olar!“ diýip aýan etdim, Iýerusalime habarçy ýolladym.

[28] Seretdim, ýöne hiç kim ýok, aralarynda maslahatçy ýok, soragyma jogap berjek ýok.

[29] Ine, olaryň hemmesi galp, işleri hiç zatdyr, butlary boş ýeldir».

Işaýa — Chapters