[1] Ine, patyşa dogrulyk bilen şalyk eder, hökümdarlar adalatlyk bilen höküm sürerler.
[2] Olaryň hersi ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek bolar.
[3] Görýänleriň gözleri ýumulmaz, eşidýänler-de gulak goýarlar.
[4] Akylsyzyň akyly goýalar, sakaw açyk-aýdyň geplär.
[5] Akmaga mundan beýläk asylzada diýilmez, ýaramaza hormat goýulmaz.
[6] Akmak biedeplik bilen gepleýär, onuň niýeti pislik etmekdir, işi ýamanlyk etmek, Rebbe dil ýetirmek, açlary aç, suwsuzlary suwsuz goýmakdyr.
[7] Hilegäriň ýaragy ýamandyr, pukara dogry sözleýän hem bolsa, olar ýalan sözleri bilen ony heläk etjek bolup, niýetlerini ýamana dikýändirler.
[8] Emma asylzada asylly niýet edýär, asylly işlerinde berk durýar ol.
[9] Eý, özlerine buýsanýan aýallar, turuň, sesimi eşidiň! Eý, özlerine daýanýan aýallar, sözüme gulak goýuň!
[10] Eý, özlerine buýsanýan aýallar, bir ýyldan soňra titreşersiňiz, çünki üzüm hasyl bermez, miwe ýygymy bolmaz.
[11] Eý, özlerine daýanýan aýallar titreşiň, eý, özlerine buýsanýan aýallar sandyraşyň, eşikleriňizi çykaryp atyp, biliňize jul baglaň!
[12] Ajaýyp ekin meýdanlary üçin, hasylly üzüm bagy üçin, döşüňize urup aglaşyň!
[13] Halkymyň tikendir çaly biten topragy üçin, şadyýan şäherdäki şatlykdan doly öýler üçin aglaşyň!
[14] Köşk terk ediler, şowhunly şäher boş galar; galadyr gözegçi diňi harabalyga, gulanlaryň giň ýerine, sürüleriň örüsine öwrüler.
[15] Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.
[16] Onsoň çölde adalat mesgen tutar, dogrulyk hasylly meýdanda ýaşar.
[17] Dogrulygyň miwesi rahatlyk, netijesi asudalyk, ebedi howpsuzlykdyr.
[18] Halkym öýlerinde rahatlykda, howpsuz ýerlerde, asuda mesgende ýaşarlar.
[19] Jeňňel bütinleý ýok bolsa-da, ýer bilen ýegsan edilenem bolsa şäher,
[20] her çeşmäniň boýunda ekin ekýän, öküzi, eşegi boş iberýän siz bagtly bolarsyňyz!