Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:12

[1] Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.

[2] Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul--gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler.

[3] Reb sizi yzaňyzdan, gaýgyňyzdan we çeken agyr işiňizden azat edende,

[4] Babyl patyşasyna şu tymsaly aýdarsyňyz: «Ine, zulumkeşiň soňy geldi! Onuň tekepbirligi tamam boldy!

[5] Reb pisleriň taýagyny, hökümdarlaryň hasasyny döwdi.

[6] Ol halklara gazaply, üznüksiz zarbalar urdy, milletleri gazap bilen, dynuwsyz zulum bilen dolandyrdy.

[7] Bütin dünýä dynçlykda, rahatlykda; olar aýdyma başlaýarlar.

[8] Serwiler we Liwanyň kedr agaçlary üstünden şatlanyp, şeýle diýýärler: „Aýak astyna düşeliň bäri, hiç kim bizi çapmaga gelmeýär“».

[9] Sen gelýärkäň ölüler dünýäsi garşylamaga howlugýar; ol seniň üçin ölüleri, ýer ýüzüniň ähli başlyklaryny oýarýar; milletleriň ähli şalaryny tagtlaryndan turuzýar.

[10] Olaryň hemmesi saňa: «Sen-de biz ýaly ejizlediň, bize meňzediň!» diýerler.

[11] Şan-şöhratyň, arfalaryň sesi ölüler dünýäsine inderildi; astyňa gurtlar düşeldi, üstüň gurçuklara büreldi.

[12] Eý, parlak ýyldyz, daň ogly, gökden nähili gaçdyň! Eý, milletleri ýeňen sen, indi özüň ýere ýykyldyň!

[13] Sen ýüregiňde diýdiň: «Göklere çykaryn, tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan ýokarda goýaryn. Jemagatyň toplanan dagynda, Zafon dagynda oturaryn.

[14] Bulutlaryň depesine çykaryn, Beýik Hudaý ýaly ederin özümi».

[15] Emma sen ölüler dünýäsine, gabryň düýbüne inderilersiň.

[16] Görenler çiňerilip serederler saňa, sen hakda oýlanyp, şeýle diýerler: «Ýeri sarsdyran, patyşalyklary titreden,

[17] dünýäni çöle dönderen, şäherleri ýer bilen ýegsan eden, ýesirleri öýlerine goýbermedik şumy?»

[18] Milletleriň patyşalarynyň ählisi, hersi öz gabrynda, şöhrat içinde ýatyr.

[19] Emma terk edilen çaga kimin gabryňdan daşary atyldyň; gylyçdan geçirilen, gabryň daşly düýbüne atylan jesetler bilen örtülýärsiň. Aýak astynda depelenen maslyk deý,

[20] beýleki şalar ýaly jaýlanmarsyň; çünki sen öz ýurduňy weýran etdiň, öz halkyňy gyrdyň. Pislik edýänleriň nesli asla ýatlanmasyn!

[21] Atalarynyň etmişleri zerarly, ogullaryny öldürmäge taýynlaň, olar galyp, dünýäni eýelemesinler, ýer ýüzüni şäherlerden doldurmasynlar.

[22] «Men olara garşy galaryn, Babylyň adyny, aman galanlaryny, ogullaryny we nesillerini ýok ederin». Muny Reb aýdýandyr.

[23] «Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

[24] Hökmürowan Reb ant içip, şeýle diýýär: «Nähili niýet eden bolsam, şeýle-de bolar, näme karara gelen bolsam, şol-da amala aşar.

[25] Aşurlylary Öz ýurdumda syndyraryn, daglarymda olary aýak astyna alaryn; olaryň boýuntyrygy halkymdan aýrylar, ýükleri halkymyň gerdeninden düşüriler».

[26] Bütin dünýä hakda edilen karar budur, ähli milletlere tarap uzan el budur.

[27] Hökmürowan Reb karar etdi, kim Oňa päsgel berip biler? Ol elini uzatdy, kim ony yzyna öwrüp biler?

[28] Ahaz patyşanyň ölen ýyly şu pygamberlik geldi:

[29] «Özüňizi uran taýak döwüldi diýip şatlanmaň, eý, piliştliler! Ýylan tohumyndan kepjebaş dörär, onuň miwesi-de uçýan mähnet ýylan bolar.

[30] Garyplaryň garyby doýar, mätäçler howpsuzlykda ýatarlar, emma seniň köküňi açlykdan ýaňa gyraryn, aman galanlaryňyz-da ölersiňiz.

[31] Perýat et, eý, derweze! Nala çek, eý, şäher! Eý, piliştliler, gorkudan titräň! Demirgazykdan tüsse çykýar, goşun hatar-hatar bolup gelýär».

[32] Milletiň çaparlaryna näme jogap berler? Reb Siony bina etdi, Halkynyň mätäçleri onda pena taparlar.

Işaýa — Chapters