Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:17

[1] Gaty gygyr, çekinme! Sesiňi surnaý kimin gatalt! Halkyma ýazyklaryny, Ýakubyň nesline günälerini yglan et.

[2] Olar her gün Meni agtarýarlar, lezzet alýarmyşlar ýollarymy bilmekden, dogry iş edip, Hudaýyň hökümlerini terk etmedik millet kimin Menden adyl höküm soraýarlar, Hudaýa ýakynlaşmagy arzuw edýärler.

[3] Olar: «Biz agyz bekledik, näme üçin görmeýärsiň? Özümizi kiçeltdik, näme üçin üns bermeýärsiň?» diýýärler. Ine, siz agyz beklän günüňiz öz isläniňizi edýärsiňiz, işçileriňizi agyr işledýärsiňiz.

[4] Ine, siz dawa, jenjel bilen, rehimsiz ýumruklama bilen agyz bekleýärsiňiz. Bu günki agyz bekleýşiňiz bilen ýokarda sesiňizi eşitdirmersiňiz.

[5] Meniň saýlan agyz beklemäm, ynsanyň özüni kiçeltmeli güni şeýle bolarmy? Gamyş kimin başyňyzy egip, juluň, külüň üstünde ýatmak üçinmi? Siz muňa agyz bekleme, Rebbe ýaramly gün diýýärsiňizmi?

[6] Meniň saýlaýan agyz beklemäm adalatsyzlyk zynjyrlaryny gyrmak, boýuntyryk ýüplerini çözmek, ezilenleri azat etmek, her bir boýuntyrygy syndyrmak üçin dälmi?

[7] Çöregiňi aç bilen paýlaşyp, öýsüz garyby öýüňe getirmek üçin dälmi? Ýalaňajy görende, oňa eşik berip, garyndaşlaryňyzdan kömegiňizi gaýgyrmazlyk üçin dälmi?

[8] Şonda nuruňyz daň kimin ýalpyldar, basym şypa taparsyňyz, dogrulygyňyz öňüňizden gider, Rebbiň şöhraty yzda goragyňyz bolar.

[9] Onsoň dileg edersiňiz, Reb jogap berer; perýat edersiňiz, Ol: «Men bu ýerde» diýer. Araňyzdan boýuntyrygy, barmak çommaltmagy, ýaman gepleri aýyrsaňyz,

[10] açlaryň hatyrasyna janyňyzy pida etseňiz, ejirlileri zerur zatlary bilen doýursaňyz, garaňkylykda nuruňyz ýalpyldap, tümlügiň günorta çagy dek bolar.

[11] Reb hemişe size ýol görkezer, gurak ýerlerde sizi kanagatlandyrar, süýegiňize kuwwat berer. Siz suwarylan bag kimin, suwy egsilmeýän çeşme kimin bolarsyňyz.

[12] Köne harabalaryňyz täzeden dikeldiler, köp asyrlardan galan harabalaryň düýbüni gaýtadan tutarsyňyz; olar size: «Jaýryklary bejerýän, ýaşamak üçin köçeleri düzedýän» diýerler.

[13] Sabat gününi bozmakdan, mukaddes günümde isläniňizi etmekden saklansaňyz, Sabat gününi ýakymly, Rebbiň mukaddes gününi hormatly saýsaňyz, özüňize ýaraýany etmän, isläniňizi etmän, boş sözleri sözlemän, ol güni hormatlasaňyz,

[14] şonda siz Rebden hoşal bolarsyňyz, Men sizi dünýäniň belentliklerine çykararyn; ataňyz Ýakubyň mirasyny size bererin. Muny Reb aýdýandyr.

Işaýa — Chapters