Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:17

[1] Aşur patyşasy Sargon baş serkerdesini Aşdoda ýollap, oňa garşy söweşip, Aşdody ele saldy.

[2] Şol wagt Reb Amozyň ogly Işaýa: «Git-de, egniňdäki july, aýagyňdaky çarygyňy çykar» diýdi. Işaýa şeýle edip, diňe içki geýiminde aýakýalaň geziberdi.

[3] Reb şeýle diýdi: «Edil gulum Işaýanyň Müsüre we Efiopiýa alamat hem nyşan hökmünde üç ýyllap diňe içki geýimde, aýakýalaň gezişi kimin,

[4] Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider.

[5] Efiopiýa umyt baglaýan, Müsüre öwünýän halk gorkar we utanja galar.

[6] Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?“».

Işaýa — Chapters