[1] Deňiz ýanyndaky çöl hakda pygamberlik: Tüweleýleriň günortadan gelşi deý, basybalyjy-da gorkunç ýurtdan, çölden geler.
[2] Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Madaý! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.
[3] Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.
[4] Ýüregim bikarardyr, saňňyldaýan gorkudan ýaňa; küýsän alagaraňkylygym wehime salgar.
[5] Iýýärler, içýärler, halylar düşäp, saçak ýazyp. Eý, serkerdeler, turuň-da, galkanlary ýaglaň!
[6] Reb maňa şeýle diýdi: «Git-de bir gözegçi goý, goý, ol habar bersin görenini.
[7] Ol söweş arabalaryny, jübüt-jübüt atlylary, eşeklileri, düýelileri görende, dykgat bersin, üns bersin».
[8] Gözegçi gygyrdy: «Ýa Reb, gözegçilik diňidir gündizlerine ornum, nobatçylyk çekýän bütin gijeläp.
[9] Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.
[10] Eý, harmanda döwlen, ýele sowrulan halkym! Hökmürowan Rebden, Ysraýylyň Hudaýyndan eşidenlerimdir, size aýan edýänim.
[11] Duma baradaky pygamberlik: Segirden çagyrýar biri meni: «Eý, gözegçi, daň atara näçe wagt bar? Näçe wagt bar daňyň ýagtylmagyna?»
[12] «Daň atyp barýar, ýöne entek gije. Ýene sorajak bolsaňyz soraň, soňra öwrülip geliň» diýýär gözegçi.
[13] Arabystan hakyndaky pygamberlik: Eý, dedanlylaryň kerwenleri! Gijäni Arabystan jeňňelinde geçirersiňiz.
[14] Eý, Teýma ýurdunyň halky, suwsana suw, bosgunlara çörek ber.
[15] Olar gylyçdan gaçdylar, syrylan gylyçdan, çekilen ýaýdan, agyr söweşden gaçdylar.
[16] Reb maňa şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly bir ýylyň dowamynda Kedaryň şan-şöhraty söner.
[17] Kedar ogullarynyň edermen urşujylardan galan kemançylary az bolar». Muny Ysraýyl Hudaýy Reb diýdi.