[1] Dogry adamlar ölüp gidýärler, hiç kim muňa üns bermeýär. Takwa adamlar ýogalýarlar, muňa hiç kim düşünmeýär, dogrular betbagtçylykdan gutarylýar.
[2] Olar rahatlyga gowuşýarlar; dogrulykda gezýänler öz ýerlerinde dynç alýarlar.
[3] Emma siz, eý, jadygöýiň çagalary, zynagäriň, kemçiniň zürýatlary, golaýrak geliň!
[4] Kimiň üstünden gülýärsiňiz? Kime garşy agyz açyp, diliňizi çykarýarsyňyz? Siz ýazykly çagalar dälmisiňiz? Ýalançy nesiller dälmisiňiz?
[5] Dub agaçlarynyň arasynda, gür ýaprakly agajyň astynda butlar bilen zyna gyzyşyp, derelerde, gaýalaryň köweklerinde çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem?
[6] Derýanyň ýylçyr daşlarynyň arasyndadyr paýyňyz, nesibäňiz şolardyr siziň; olara sadaka hökmünde şerap guýýarsyňyz, galla sadakasyny hödürleýärsiňiz, bulardan soň sizi jezasyz galdyrarynmy?
[7] Beýik, uly dagyň üstünde ýerleşdirdiňiz düşegiňizi, gurbanlyk hödür etmäge çykdyňyz ol ýere.
[8] Gapylaryňyzyň, söýeleriňiziň arka tarapynda butparazçylykly heýkeller goýduňyz. Meni terk edip, ýalaňaçlanyp, düşegiňize geçdiňiz. Ony giňeltdiňiz; äht edişdiňiz olar bilen, olaryň düşegini söýdüňiz, olaryň ýalaňaç bedenine seretdiňiz.
[9] Hoşboý ysly ýag bilen Molek hudaýyň ýanyna gitdiňiz, atyrlaryňyzy köpeltdiňiz; uzak ýerlere ýolladyňyz ilçileriňizi, hatda ölüler dünýäsine inderdiňiz.
[10] Uzak ýollar sizi ýadatdy, emma: «Bu biderek» diýmediňiz siz. Güýjüňizi gaýtadan dikeldip, tapdan düşmediňiz.
[11] Meni aldap, ýatlamazyňyz ýaly, ýüregiňizde Maňa ýer bermeziňiz ýaly, kimden eýmendiňiz, kimden gorkduňyz? Uzak wagtlap dymandygym sebäpli Menden gorkmaýarsyňyzmy siz?
[12] Dogrulygyňyzy, işleriňizi aýan ederin, nepi degmez bularyň size.
[13] Perýat edeniňizde, toplan butlaryňyz sizi halas etsin, olary ýel süpürip äkider, şemal uçuryp äkider olary. Ýöne Meni pena tutunýan ýurdy mülk ediner, Meniň mukaddes dagymy miras alar.
[14] Ol diýer: «Topragy tekizläp, ýol taýynlaň, halkymyň ýolundaky päsgelçilikleri aýryň».
[15] Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.
[16] Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.
[17] Nähak gazanç etmişleri üçin gaharlanyp, olary jezalandyrdym, gaharlandym, ýüz öwürdim; emma olar öz islän ýollaryndan gitdiler.
[18] Olaryň ýollaryny gördüm, ýöne şonda-da olara şypa bererin, olara we ýas tutýanlara ýol görkezip, teselli bererin.
[19] Dillerinde öwgini Men ýaratdym, uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin».
[20] «Emma pisler tolkun atýan deňiz ýalydyr, olar asuda bolup bilmeýärler, tolkunlary laý we hapa çykarýar.
[21] Pisler üçin rahatlyk ýokdur» diýýär Hudaýym Reb.