Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:26

[1] Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.

[2] Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge,

[3] Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.

[4] Olar gadymy harabalary täzeden gurarlar, öňki weýran bolan ýerleri dikelderler, nesilden-nesle weýran bolan şäherleri, harabalyklary abatlarlar.

[5] Kesekiler gelip, sürüleriňizi bakarlar, ýat halklar daýhanyňyz, bagbanyňyz bolar.

[6] Size bolsa Rebbiň ruhanylary, Hudaýymyzyň hyzmatkärleri diýerler; siz milletleriň baýlygyndan lezzet alarsyňyz, olaryň şöhratyna şärik bolarsyňyz.

[7] Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz, ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz; munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz, ebedi şatlyk siziňki bolar.

[8] «Men – Reb adalaty söýýändirin, talaňçylygy, nähaklygy ýigrenýändirin. Olara muzdlaryny takyk bererin, olar bilen ebedi äht baglaşaryn.

[9] Olaryň nesilleri milletleriň arasynda, zürýatlary halklaryň arasynda tanalar, görenleriň ählisi olaryň Rebbiň ýalkan halkydygyny bilerler».

[10] Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.

[11] Topragyň ösümliklerini ösdürişi dek, bagyň içindäki ekilenleri gögerdişi dek, Hökmürowan Reb-de dogrulyk bilen alkyşy ähli milletleriň öňünde ösdürer.

Işaýa — Chapters