[1] Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý! Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan, Ýahudanyň bilinden önen, siz, Rebden ant içýärsiňiz, ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny, emma çyn ýürekden, dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.
[2] Özlerini mukaddes şäherden diýip, Ysraýyl Hudaýyna daýanýarlar olar; Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
[3] «Geçmişdäkileri owaldan Men beýan etdim, Meniň agzymdan çykdy, Men olary bildirdim; duýdansyz şeýle etdim, olar berjaý boldy.
[4] Siziň kesirdigiňizi Men bilýändirin. Ýeňse damaryňyz demirdendir, maňlaýyňyz misdendir.
[5] Bulary size owaldan beýan etdim. „Bulary eden meniň butum, oýma, guýma heýkellerim bulary buýruk berdi“ diýmeziňiz ýaly, berjaý bolmankalar, olary size aýan etdim.
[6] Indi eşidenleriňiziň ählisini görüň; olary yglan etjek dälmisiňiz? Indiden beýläk size täze zatlary, siziň bilmeýän, gizlin zatlaryňyzy aýdaryn.
[7] Bular ýaňy ýaradyldy, geçmişde däl, şu güne deňeç bilmediňiz bulary, „Bulary eýýäm bilýärdik“ diýerdiňiz ýogsa.
[8] Ne eşitdiňiz siz, ne-de bildiňiz, owaldan gulagyňyz açylmandy. Men siziň dönüklik etjekdigiňizi bildim, doglanyňyzdan bäri size topalaňçy diýildi.
[9] Öz adymyň hatyrasyna gaharymy ýatyrýaryn, gaharymy saklaýaryn Öz hormatymyň hatyrasyna, ýok ederdim sizi ýogsam.
[10] Ine, seni sapladym, ýöne kümüş dek däl, azap küresinde synadym seni.
[11] Öz hatyrama, Öz mertebäme muny edýärin, näme üçin Meniň adym harlansyn? Başga bermerin Öz şöhratymy.
[12] Eý, Ýakup, eý, çagyranym Ysraýyl, Meni diňle! Men Şolduryn, Ilkinji-de, Ahyrky-da Mendirin.
[13] Ýeriň binýadyny goýan Meniň elimdir, Meniň sag elimdir gökleri ýaýradan; bary birlikde öňümde durýarlar, olary çagyranymda».
[14] Hemmäňiz toplanyň, diňläň! Butlaryň haýsysy bulary öňden aýan etdi? Reb birini saýlap-seçer, ol Rebbiň Babyla garşy maksadyny amala aşyrar, onuň goly babyllylara garşy bolar.
[15] «Men, hawa, Men gepledim, ony Men çagyrdym, Men getirdim, ol öz ýolunda üstünlik gazanar.
[16] Maňa ýakynlaşyň-da, muny eşidiň! Owaldan ýaşyryn geplän däldirin Men, şondan bäri Men şol ýerde». Indi Hökmürowan Reb meni we Ruhuny iberdi.
[17] Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.
[18] Tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadanlygyňyz derýa deý, dogrulygyňyz deňiz tolkunlary deý bolardy.
[19] Perzentleriňiz çäge deý, nesilleriňiz çäge ownuklary deý bolardy; atlary huzurymdan aýrylmaz, ýok edilmez».
[20] Babyldan çykyň, kesetlerden gaçyň, muny şatlykly owaz bilen aýan ediň, jar ediň, aňry çetine ýetsin zeminiň; «Reb bendesi Ýakuby azat etdi!» diýiň.
[21] Çölleriň içi bilen äkidilende-de, suwsamandy olar, olar üçin gaýadan suw akdyrdy; Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy ondan.
[22] Reb: «Pislere rahatlyk ýokdur» diýýär.