Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:36

[1] Damask baradaky pygamberlik: Ine, Damask indi şäher saýylmaz, ol harabaçylyga öwrüler.

[2] Aroger şäherleri terk ediler, sürüleriň ýatýan ýerine öwrüler, olary ürküzen bolmaz.

[3] Efraýymda gala galmaz, Damaskda şa bolmaz, Siriýanyň aman galanlary Ysraýyl ogullarynyň şöhraty deý bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

[4] Şol gün Ýakubyň şöhraty öçer, semiz göwresi horlanar.

[5] Orakçylaryň däne hasylyny ýygnaýşy deý, däne başlaryny alşy deý elleriniň, Rapalar jülgesine däne başlarynyň toplanyşy deý, bolar Ysraýyl hem.

[6] Zeýtun agajynyň miwesi kakylyp alnandan soň, depesinde iki-üç zeýtunyň galyşy deý, şahalarynyň uçlarynda dört-‑bäşisiniň galyşy deý, diňe birazy aman galdyrylar. Muny Ysraýyl Hudaýy Reb aýdýandyr.

[7] Şol gün halk nazaryny Ýaradana diker, gözleri Ysraýylyň Mukaddesini görer.

[8] Özleriniň guran gurbanlyk sypalaryna bakmazlar, elleri bilen ýasan Aşera butlaryna, tütetgi sypalaryna seretmezler.

[9] Şol gün olaryň berk galalary ysraýyllardan gaçan hiwileriň, amorlaryň terk eden şäherleri kimin çöle döner.

[10] Sen öz Halasgär Hudaýyňy unutdyň, Penakäriň bolan Gaýany ýatlamadyň. Şoňa görä ýakymly ösümlikler ekseň-de, özge ýurtlaň ajaýyp nahallaryny oturtsaň-da,

[11] olary eken günüň ösdürseň-de, oturdylanlary ertesi gülletseň-de, hassalyk we emsiz dert gününde hasylyň ýele sowrular.

[12] Betbagtçylyk! Köp milletleriň güwwüldisi! Deňziň güwwüldisi deý güwleýär olar! Ah! Halklaryň güwwüldisi! Güýçli tolkunlar deý güwwüldeşýärler!

[13] Milletler güýçli tolkunlaryň uwlaýşy dek uwlaşarlar, emma Ol olara käýär, daglardaky şemala uçýan çöp- -çalam deý, uzaklara gaçarlar olar, tüweleýiň öňündäki togalanýan toz deý togalanarlar.

[14] Agşamara, ine, howp! Säherden öň ol ýok bolýar. Bizi tozdurýanlaryň paýy, bizi talaýanlaryň kysmaty şudur.

Işaýa — Chapters