[1] Reb: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk, önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» diýýär.
[2] Çadyryňyň ýerini giňelt, mesgeniňiň perdelerini ger, gaýgyrma; tanaplaryňy uzalt, gazyklaryňy berkit.
[3] Sen saga-sola ýaýylarsyň, nesilleriň milletleri eýeläp, çola şäherlerde ornaşarlar.
[4] Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.
[5] Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.
[6] Reb seni terk edilen, kalby gussaly aýal dek, ret edilen ýaş gelin dek çagyrdy. Muny Hudaý diýýär.
[7] «Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn.
[8] Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär.
[9] Bu Meniň üçin Nuhuň döwri kimindir, Nuhuň tupany ýer ýüzünde indi gaýtalanmaz diýip ant içişim ýaly, saňa-da gaharlanmaryn indi, hiç haçan käýemerin diýip ant içdim.
[10] Daglar ýerinden gozgansa-da, depeler sarssa-da, sadyk söýgim senden aýrylmaz, sarsmaz parahatçylyk ähtim. Saňa rehim eden Reb diýýär muny.
[11] «Eý, harasada düşüp, teselli tapmadyk muşakgatly şäher! Daşlaryňy gymmatbaha daşlardan goýup, gök ýakutlar bilen düýbüňi tutaryn.
[12] Küňreleriňi lagyldan, derwezeleriňi jöwherden, gymmatbaha daşlardan ederin diwarlaryňy.
[13] Ähli çagalaryň Rebden taglym alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar.
[14] Dogrulykda berkarar edilersiň, sütemden uzakda bolarsyň, gorkmarsyň; howp-hatardan daş bolarsyň, golaýlaşmaz saňa.
[15] Saňa hüjüm etse biri, Menden däldir; kim saňa hüjüm etse, saňa boýun eger.
[16] Ine, kömür közüni üfleýän, öz maksady üçin ýarag ýasaýan demirçini Men ýaratdym. Ýok etsin diýip, heläk edijini ýaradan-da Mendirin.
[17] Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.