[1] Ine, Hökmürowan Taňry Reb Iýerusalimden, Ýahudadan ýardamy we azygy, nany we suwy keser.
[2] Söweşijilerdir esgerleri, kazylardyr pygamberleri, palmanlardyr ýaşululary,
[3] ellibaşylary, atly-abraýly adamlary, maslahatçylardyr mekir gözbagçylary, ökde jadygöýleri aradan aýrar.
[4] Ýetginjekleri olara baştutan ederin, göwnüne gelenini edýänler olara hökmürowanlyk ederler.
[5] Ynsan ynsana, goňşy goňşusyna sütem eder, ýaşlar ýaşululary, garamaýak adamlar abraýly adamlary sylamazlar.
[6] Garyndaş garyndaşyna ýapyşyp, öz urugyndan bolana şeýle diýer: «Egniňde eşigiň bar, sen bize baştutan bol! Bu harabalyklar seniň gol astyňda bolsun».
[7] Şol gün ol adam gygyryp, şeýle diýer: «Men ýaraňyzy sarap bilmen; öýümde ne çörek bar, ne-de geýim, meni halka baştutan etmäň».
[8] Iýerusalimiň büdreýändigi, Ýahudanyň ýykylýandygy üçin, Rebbiň şöhratly barlygyny äsgermän sözleriniň we edýän işleriniň Rebbe garşy bolandygy üçin şeýle bolar.
[9] Ýüz keşpleri özleriniň garşysyna şaýatlyk edýär, günälerini Sodom ýaly äşgär edýärler, olary ýaşyrmaýarlar, olaryň dat gününe! Betbagtçylygy satyn aldylar olar.
[10] Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, öz işleriniň miwesini iýerler.
[11] Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.
[12] Çagalary halkyma sütem edýärler, aýallary üstlerinden höküm sürýärler. Eý, halkym, baştutanlaryňyz sizi azaşdyrýarlar, ýörejek ýodalaryňyzy bulaşdyrýarlar.
[13] Reb dawa tutmaga ýerinden galýar, halklara kazylyk etmek üçin aýaga galýar.
[14] Reb halkynyň ýaşululary, hökümdarlary bilen höküme girişýär: «Üzümçiligi weýran eden sizsiňiz, öýleriňiz garypdan talan oljaňyzdan doly.
[15] Halkymy ezip, garyplary ýere çalmaga näme hakyňyz bar?» Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.
[16] Reb şeýle diýýär: «Sion gyzlary tekepbirdirler, tumşuklaryny göge tutup ýöreýärler, näzirgeşip seredýärler, näz-kereşme bilen ädim ädip, aýak halkalaryny şyňňyrdadýarlar.
[17] Şonuň üçin Taňry Sion gyzlarynyň kellesini kel eder, Reb maňlaýlaryny takyradar.
[18] Şol gün Taňry owadan aýak-halkalaryny, alyn bezeglerini, gymmatbaha monjuklaryny,
[19] gulakhalkalaryny, bileziklerini we ýaglyklaryny, börüklerini, topuk-halkalaryny, guşaklaryny, atyr çüýşejiklerini we doga-tumarlaryny,
[20] ýüzüklerini we burun halkalaryny,
[21] toý lybaslaryny, kürtelerini, çabytlaryny we el gapjyklaryny,
[22] ýüz aýnalaryny, ýüpek lybaslaryny, börüklerini we bürençeklerini aýrar.
[23] Atyryň deregine porsy ys, bil guşagyň deregine ýüp, buýra zülpleriň deregine kellik, bezemen lybasyň deregine jul, gözelligiň deregine utanç bolar.
[24] Erkekleriň gylyçdan gyrlarlar, edermen urşujylaryň söweşde ölerler.
[25] Sionyň derwezeleri ah çekip, ýas tutar, şäher çolaryp, gury ýerde oturar».