Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:49

[1] Mowap hakyndaky pygamberlik: Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy!

[2] Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.

[3] Köçelerinde jul geýinýärler, üçeklerde, meýdançalarda her kes perýat edýär, zar-zar aglaşýar.

[4] Heşbon bilen Elgala nalyş edýär, sesleri Ýahasa çenli eşidilýär. Şonuň üçin Mowabyň esgerleri aglaşýar, gorkudan ýürekleri galdyraýar.

[5] Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär, gaçgaklary Sogara, Eglat Şelişiýa gaçýarlar. Olar aglaşyp, Luhutyň ýokarsyna çykýarlar. Weýrançylykdan perýat çekýärler Horonaýym ýolunda.

[6] Nimrim suwlary gurady; otlar soldy, täze ot gögermedi, gök öwüsýän zat galmady asla.

[7] Munuň üçin gazanan baýlyklaryny, bar toplan zatlaryny söwüt jülgesine äkiderler.

[8] Agy bilen doldy tutuş Mowap ýurdy; olaryň perýady Eglaýyma, nalyşy Beýerelime ýetýär.

[9] Dimonyň suwlary gandan doly, emma Men mundanam beterini getirerin Dimonyň başyna, Mowapdan gaçanlaryň, ýurduň aman galanlarynyň üstüne şir getirerin.

Işaýa — Chapters