Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:53

[1] Görnüş jülgesi barada pygamberlik: Baryňyz üçeklere çykar ýaly, size näme boldy?

[2] Eý, şowhun-şagalaňly, goh-galmagally, şadyýan şäher! Öldürilenleriň gylyçdan ölmedi, söweşde-de ölmedi.

[3] Ähli baştutanlaryň bilelikde gaçdylar; ýaýlaryny ulanmadylar, ýesir düşdüler, uzaklara gaçdylar, ýöne tapylanlaryň bary ele düşdi.

[4] Munuň üçin men: «Nazaryňy menden sow, zar-zar aglaýyn» diýdim. Eziz halkymyň weýrançylygy üçin teselli bermäň maňa.

[5] Görnüş jülgesinde Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň howsalaly, tabyn edýän, aljyraňňy güni bolar. Diwarlar ýykylar bu gün, daglara perýat ediler.

[6] Eýlam söweş arabalary, atlylary bilen sagdagyny galgadýar, Kir goşuny galkanlaryny somlaýar.

[7] Söweş arabalaryndan hyryn-dykyndyr gözel jülgeleriň, atlylar derwezelerde nyzama durdular.

[8] Ýahudanyň örtgüsi aýryldy. Şol gün jeňňeliň gorhanasyna seretdiň.

[9] Dawut şäherindäki köp jaýryklary gördüňiz, aşaky howza suw topladyňyz.

[10] Iýerusalimiň öýlerini sanadyňyz, diwary berkitmek üçin öýleri ýykdyňyz.

[11] Köne howzuň suwlary üçin, iki diwaryň arasyndan suw howdanyny gazdyňyz. Ýöne ony Ýaradana seretmediňiz, owaldan Taýynlany görmediňiz.

[12] Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.

[13] Emma siz öküz, goýun öldürip, et iýip, şerap içip, şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz. «Geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris» diýýärsiňiz.

[14] Hökmürowan Reb gulagyma: «Elbetde, ölýänçäňiz bu günäňizden saplanmarsyňyz» diýdi. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb diýýär.

[15] Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Git-de, patyşanyň emeldary, köşk häkimi Şebnanyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý:

[16] „Bu ýerde näme işiň bar? Özüňe gabyr gazar ýaly kimiň bar? Özüňe belentde gabyr gazýarsyň, gaýada özüňe dynç ýer edinýärsiň.

[17] Eý, güýçli kişi, Reb seni güýç bilen togalar. Ol seni ykjam tutup,

[18] aýlap-aýlap, top kimin bir giň ýurda taşlar. Sen ol ýerde ölersiň. Ajaýyp söweş arabalaryň ol ýerde galar. Öz jenabyňyň öýüni biabraý eden sensiň.

[19] Seni ornuňdan kowaryn, wezipäňden boşadylarsyň.

[20] Şol gün Men gulum Hilkiýa ogly Elýakymy çagyraryn.

[21] Seniň donuňy oňa geýdirip, guşagyňy onuň biline guşaryn. Häkimiýetiňi oňa bererin; ol Iýerusalimiň ilatyna we Ýahuda halkyna ata bolar.

[22] Dawudyň öýüniň açaryny onuň gerşinden asaryn. Onuň açanyny hiç kim ýapyp bilmez, ýapanyny hiç kim açyp bilmez.

[23] Ony ýere gazyk kimin gaýym kakaryn, ol öz nesillerine hormat tagty bolar.

[24] Çadyryň gazyga baglanyşy ýaly, onuň urugynyň çagalarynyň, agtyklarynyň abraýy-da oňa baglydyr“».

[25] Hökmürowan Reb: «Şol gün ýere gaýym kakylan gazyk ýerinden sogrular; ol çapylyp ýykylar; oňa baglanan çadyr-da ýok bolar» diýýär. Muny Reb aýdýandyr.

Işaýa — Chapters