Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:33

[1] Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:

[2] Ýalaňaç dagyň üstünde baýdak dikiň, söweşijilere gygyryň sesiňiz ýetdiginden, begleriň derwezelerinden girer ýaly, olara el bulaň.

[3] Özüme bagyş edilenlere buýruk berdim, urşujylarymy, şanyma guwanýanlarymy gazabymy dökdürtmek üçin çagyrdym.

[4] Daglardaky gykylyga gulak goýuň, bu köp halklaryň sesine meňzeýär! Bir ýere ýygnanyşýan milletleriň, patyşalyklaryň göçgünli sesini diňläň! Hökmürowan Reb söweşe goşun toplaýar.

[5] Öz gazabynyň ýaraglary bilen bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin, uzak ülkelerden, dünýäniň aňry ujundan geler Reb.

[6] Perýat ediň, Rebbiň güni ýakyndyr! Ol Gudratygüýçli tarapyndan weýrançylyk deý geler.

[7] Munuň üçin eller gowşar, her ynsanyň ýüregi ýarylar.

[8] Dowla düşer olar, yza hem gaýgy basar; burgusy tutýan deý, agyry çeker olar, aňalyp birek-birege bakarlar, ýüzleri ýalyn dek lowlar.

[9] Ine, Rebbiň güni, ýowuz gün gelýär, ýer ýüzüni haraba öwürmek üçin, ondaky günäkärleri ýok etmek üçin, gazap bilen, gahar ody bilen gelýär.

[10] Gökdäki ýyldyzlar, olaryň toplumy yşyk bermezler; Gün dogsa-da garalar, Aý nuruny saçmaz.

[11] Men dünýäni ýamanlygy üçin, etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri; tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn, zalymlaryň ulumsylygyny peselderin.

[12] Ynsanlary sap altyndan, adamlary Opyr gyzylyndan-da has gymmatly ederin.

[13] Şonuň üçin gökleri titrederin, Rebbiň gahar ody lowlaýan güni, Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýer ýüzi lerzana geler.

[14] Kowalanýan jeren kimin, çopansyz goýunlar kimin, her kes öz halkyna, her kişi öz ýurduna gaçar.

[15] Tutulanlar naýzadan geçiriler, ele düşen gylyçdan ötüriler.

[16] Çagalary gözleriniň alnynda parça-parça ediler, öýleri talanar, aýallaryna el urlar.

[17] Ine, Men kümşe gyzmaýan, altyny söýmeýän madaýlary olara garşy öjükdirýärin.

[18] Ýaş ýigitleri ýere ýazar ýaýlary, bäbeklere rehim etmezler, gözleri çagalary gaýgyrmaz.

[19] Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan, babyllylaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly ýer bilen ýegsan eder Sodom hem Gomora ýaly.

[20] Ol ýer ilatsyz galar, hiç haçan ýaşaýyş bolmaz onda, araplar çadyrlaryny dikmezler, çopanlar sürülerini bakmazlar.

[21] Wagşy haýwanlar ýatar ol ýerde, baýguşdan dolar öýleri, düýeguşlar mesgen tutar, geçiler bökjeklärler ol ýerde.

[22] Saraýlarynda syrtlanlar, köşklerinde şagallar uwlaşar; Babylyň soňy ýakyndyr, onuň günleri uzak bolmaz.

Işaýa — Chapters