[1] Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol, ilatyny dargadar.
[2] Halkyň-da, ruhanyň-da, guluň-da, hojaýynyň-da, gyrnagyň-da, bikäniň-de, satyn alýanyň-da, satýanyň-da, bergidaryň-da, algydaryň-da, karzdaryň-da, karz bereniň-de takdyry birdir.
[3] Ýer ýüzi bütinleý weýran edilip talanar. Muny Reb aýdýandyr.
[4] Ýer ýüzi solýar, guraýar heläk bolup, ýitip gider dünýä; dünýäniň halklarynyň güýçlüleri heläk bolarlar.
[5] Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.
[6] Muňa görä dünýä lagnat ýagýar, ilaty ýazyklarynyň jezasyny çekýär, şonuň üçin ýer ýüzüniň ilaty ýanyp, gaty az adam galýar.
[7] Täze şerap gutarýar, solýar üzüm agajy, ah çekýär şadyýanlar.
[8] Depreklerem şat owazyny kesdi, şadyýan sesler eşidilmedi, lira sem boldy.
[9] Indi aýdym aýdyp, şerap içmezler, agyzlara ajy deger içgi.
[10] Weýran bolan şäher harabalykdyr, hiç kim girmez ýaly, ähli öý ýapyldy.
[11] Köçelerde şerap üçin nalaşýarlar, şatlykdan nam-nyşan galmady, begenç dünýäni terk etdi.
[12] Şäher harabalyk, bölek-bölekdir derwezeler.
[13] Zeýtun agajy kakylanda, hasyl ýygylandan soň, artyp galan üzümler bilen näme edilýän bolsa, dünýädäki milletler bilen-de şeýle bolar.
[14] Olar seslerini gataldyp, begenjine heşelle kakarlar, Rebbiň beýikligi üçin günbatardan gygyryşarlar.
[15] Şonuň üçin gündogarda Rebbi öwüň, Ysraýylyň Hudaýy Rebbiň adyny şöhratlandyryň deňiz adalarynda.
[16] Öwgi aýdymlary ýaňlanýar ýeriň aňry ujunda: «Dogry Bolana şöhrat!» Emma men: «Garamaňlaý, garamaňlaý! Dat günüme! Dönükler dönüklik edýärler, dönükligi çäksiz olaryň» diýdim.
[17] Eý, ýer ýüzüniň ilaty, gorky, çukur we duzak başyňyzda!
[18] Gorky sesinden gaçan çukura gapgarylar, çukurdan çykan duzaga düşer, gögüň penjireleri açylar, ýeriň binýatlary titrär.
[19] Jaýryk-jaýryk bolar ýer ýüzi, bölek-bölek bolar ol, ýer ýüzi güýçli sarsar.
[20] Serhoş kimin yraň atar ol, sakçy jaýy kimin çaýkanar, ýazyklary oňa agyr ýük bolar, ýykylar-da, soň galmaz ol.
[21] Şol gün Reb gökde gök goşunlaryny, ýerde dünýäniň şalaryny jezalandyrar.
[22] Ýerzemine tussag kimin toplanarlar, zyndana gabalarlar, birnäçe günden soň jezalandyrylarlar.
[23] Aýyň ýüzi gyzarar, Gün utanar; Hökmürowan Reb Sion dagynda, Iýerusalimde höküm sürer, Ýaşulularynyň öňünde Öz şöhratyny görkezer.