Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:48

[1] Şol döwürlerde Hizkiýa keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi.

[2] Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg edip:

[3] «Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady.

[4] Şondan soň Işaýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[5] «Git-de, Hizkiýa şeýle diý: „Ataň Dawudyň Hudaýy Reb: ‘Seniň dilegiňi eşitdim, gözýaşlaryňy gördüm. Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn.

[6] Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi goraryn’ diýýär diý“».

[7] Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur:

[8] «Ine, Men Ahazyň basgançagyna düşen kölegäni on ädim yza süýşürerin». Şeýdip, Gün düşmeli ýerinden on ädim yza çekildi.

[9] Ýahuda patyşasy Hizkiýa keselinden gutulandan soň şulary ýazdy:

[10] «„Ömrümiň iň ýagşy çagynda, men gitmeli; ölüler dünýäsiniň derwezelerinden girip, galan ýyllarymdan mahrum edildim“ diýdim.

[11] „Diriler ýurdunda Rebbi görmerin. Bu dünýäde ýaşaýanlar kimin ynsana gözüm düşmez mundan artyk“ diýdim.

[12] Öýüm çopanyň çadyry kimin sogrulyp, elimden alyndy. Ömrümi dokmaçy kimin kesdim, Reb meni erişden kesdi; bir günüň içinde soňuma çykdyň.

[13] Ertire çenli sabyrsyzlyk bilen garaşdym; ol arslan kimin bar süňklerimi döwdi; bir günüň içinde soňuma çykdyň.

[14] Garlawaç, durna kimin gygyrdym, gumry kimin iňledim, gözlerim göge bakmakdan ýadady. Ýa Reb, men zulum içinde, dadyma ýetiş!

[15] Näme diýeýin? Meniň bilen gepleşen, muny eden Rebdir, kalbymyň hasratlydygy zerarly ömürboýy pespäl gezerin.

[16] Ýa Reb, ynsanlary ýaşadýan Sensiň, meni-de Sen ýaşadýarsyň, meni sagalt, meni ýaşat!

[17] Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.

[18] Ölüler dünýäsi Saňa şükürler aýtmaz, ölüm Saňa öwgüler aýtmaz, Seniň wepalylygyňa umyt baglap bilmezler gabra inýänler.

[19] Bu gün meniň edişim ýaly, diriler, diňe diriler Saňa şükür edýärler, atalar perzentlerine Seniň wepalylygyňy bildirýärler.

[20] Reb meni halas eder, bütin ömrümiz boýy Rebbiň öýünde kirişli saz gurallary bilen nagmalar aýdarys».

[21] Işaýa pygamber Hizkiýanyň hyzmatkärlerine: «Ýenjilen injir getiriň-de, ony patyşanyň çybanynyň üstüne ýapyň. Şondan soň ol sagalar» diýipdi.

[22] Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorapdy.

Işaýa — Chapters