[1] Sur hakyndaky pygamberlik: Eý, Tarşyş gämileri, Sur weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi.
[2] Eý, ada ilaty, deňizden geçýänleriň üsti bilen baýan Sidon täjirleri, dymyň!
[3] Bol suwlar ýakasynda Şihoryň gallasy, Niliň hasyly girdejiňdi. Milletleriň täjiridi ol.
[4] Utan, eý, Sidon, deňiz ýakasyndaky gala, deňiz şeýle diýýär: «Ne burgy tutdy, ne-de dogurdym, ne ýaş ýigitleri kemala getirdim, ne-de ýaş gyzlary ýetişdirdim».
[5] Suruň halyna gynanar Müsür, ol barada eşidende.
[6] Tarşyşa geçiň, eý, adalylar, perýat ediň!
[7] Asly owaldan bäri bolan, uzak ülkeleri ýurt edinen şagalaňly şäheriňiz şumy?
[8] Täçleri berýän Sura garşy beýle karar çykaran kim? Suruň täjirleri şazadalardy, täjirleri dünýäniň abraýly adamlarydy.
[9] Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin, dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin, Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.
[10] Eý, Tarşyş gyzy, ýurduňdan Nil kimin geç; indi bökdenç bolmaz.
[11] Reb deňiz üstüne elini uzadyp, patyşalyklary titretdi; ýok etmegi buýurdy ol Kengan galalaryny.
[12] Ol diýdi: «Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy, sen indi şatlanmarsyň. Bar, Kipre git, ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».
[13] Babyllylaryň ýurduna sered-ä, bu halk indi ýok! Wagşy haýwanlaryň eline berdi aşurlylar ony. Olar gabaw diňlerini dikdiler, galalaryny ýykyp, haraba öwürdiler ony.
[14] Perýat ediň, eý, Tarşyş gämileri! Galaňyz weýran boldy.
[15] Şol günden başlap, Sur ýetmiş ýyl – bir patyşanyň ömrüçe unudylar. Ýetmiş ýyl soň Suruň başyna bir kemçin hakdaky aýdymda aýdylanlar geler:
[16] Eý, unudylan kemçin, şähere aýlan lira al-da! Lira çal-da, köp aýdymlar aýt, seni ýatlarlar belki-de.
[17] Ýetmiş ýyldan soň, Reb Sury idär. Sur söwdasyna dolanyp, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar bilen zyna eder.
[18] Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.