Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:10

[1] Dawudyň mesgen tutan şäheri Ariýeliň dat gününe! Ýylyň ýylyna baýramlaryňyz dowam edibersin.

[2] Ariýele azap çekdirerin, ýas tutar, perýat eder ol, Meniň üçin gurbanlyk ojagy kimin bolar.

[3] Daş-töweregiňde düşelge guraryn, töweregiňe gabaw diňler gurup, seni gabaryn, garşyňa berkitmeler dikerin.

[4] Sen peseldilip, ýeriň astyndan geplärsiň, sözleriň toprak içinden geler; sesiň jynyň sesi dek ýerden çykar, topragyň teýinden pyşyrdap eşidiler sözleriň.

[5] Duşmanlaryňyň köpüsi toz dek bolar, zalymlaryň sowrulan saman çöpi deýindir. Birdenkä, duýdansyz,

[6] Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen, ýer titremesi, uly şowhun bilen, harasat we tupan bilen, ýalmaýan oduň ýalny bilen geler.

[7] Ariýele garşy söweşýän ähli milletler, onuň we galalarynyň garşysyna söweşýänler, ony gysýanlar düýş kimin, gijeki görnüş kimin bolarlar.

[8] Düýşünde nahar iýen aç kişi, oýanansoňam aç bolýandyr, düýşünde suw içen teşne, oýanansoňam teşnedir. Sion dagyna garşy söweşýän ähli milletler topary-da şu ahwala düşer.

[9] Doňup galyň, gatap galyň! özüňizi kör ediň, göreçden galyň, serhoş boluň, ýöne şerapdan däl, entirekläň, ýöne çakyrdan däl.

[10] Reb sizi agyr uka batyrdy, pygamberler gözleriňizi ýumdurdy, görgürler başlaryňyzy örtdi.

[11] Ähli görnüş siziň üçin möhürli kitabyň sözleri kimindir. Ony okap bilýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris, ol möhürlenen» diýerler.

[12] Okap bilmeýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris» diýerler.

[13] Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.

[14] Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar».

[15] Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: «Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar» diýýärler.

[16] Siz bar zady tersine öwürýärsiňiz, küýzegär toýun bilen deň hasaplanarmy? Ýasalan zat özüni ýasana: «Ol meni ýasamady» diýermi? Şekillendirilen zat şekillendirene: «Onuň düşünjesi ýok diýermi?»

[17] Liwan az salymyň içinde hasylly meýdana öwrülmezmi, mes toprakly ýer tokaý kimin görünmezmi?

[18] Şol gün kerler kitabyň sözlerini eşiderler, tümlük, garaňkylyk içinde körleriň gözleri açylar.

[19] Pukaralar ýene Rebde şatlyk taparlar, mätäçler Ysraýylyň Mukaddesinde galkynarlar.

[20] Zalymlar ýok bolarlar, masgaralaýjylaryň soňuna çykylar, ýamanlyk etmäge garaşýanlar ýok ediler.

[21] Olar ynsana töhmet atýarlar, kaza duzak gurýarlar, şäher derwezesinde. Haklyny adalatdan nähak mahrum edýärler.

[22] Munuň üçin Ybraýymy halas eden Reb Ýakubyň nesilleri hakda şeýle diýýär: «Ýakup indi utanmaz, Onuň ýüzi gyzarmaz indi.

[23] Öz elim bilen ýaradan çagalarymy öz aralarynda görenlerinde, adymy mukaddes saýarlar; Ýakubyň Mukaddesini mukaddes saýarlar, Ysraýyl Hudaýyndan gorkarlar.

[24] Ýolundan azaşanlar düşünerler, arz-şikaýat edýänler tälim alarlar».

Işaýa — Chapters