Listen to this chapter • 1:07
[1] Şol gün ýedi aýal bir erkege ýapyşyp, şeýle diýer: «Öz çöregimizi iýip, öz eşiklerimizi geýeris, seniň adyňy alsak bolýar, bizi utançdan gutar».
[2] Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.
[3] Sionda galanlara – Iýerusalimde aman galanlara, Iýerusalimde ady durmuş kitabyna ýazylanlara, «Mukaddes» diýler.
[4] Taňry Sion gyzlarynyň pisligini ýuwar, Iýerusalimde dökülen gany höküm we alaw ruhy bilen tämizlär.
[5] Soňra Reb Sion dagynyň her ýanyny, ol ýerde toplananlaryň üstüni gündizine bulut we tüsse bilen, gijesine parlak ot ýalny bilen örter. Bütin şöhratyň üsti örtgüli bolar.
[6] Bu örtük gündiz yssyda kölege bolar, gaýda, ýagyşda pena we gaçybatalga bolar.
Işaýa — Chapters
15:3223:2733:5741:0755:4862:4374:0083:4193:59105:50112:52121:03133:33145:12151:49162:43172:36181:33194:27201:17212:50223:53232:56243:24252:15263:13272:17285:01294:10306:04311:57322:51333:54343:04351:46364:49377:18383:48392:00405:04415:02424:12434:27445:32454:54462:26472:52484:01495:16502:12514:29522:39532:32542:53552:18562:19573:56583:17593:54604:05612:26622:07633:25641:57654:47665:22