[1] Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.
[2] Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.
[3] Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.
[4] Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp halklaryň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.
[5] Eý, Ýakubyň nesilleri, geliň, Rebbiň nurunda ýöräliň!
[6] Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly müneçjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar.
[7] Olaryň ýurdy altyn-kümüşden doly, hazynalary tükeniksizdir, ýurt atlardan doly, söweş arabalary san-sajaksyzdyr.
[8] Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler.
[9] Muňa görä ynsan kiçeldiler, her kes peseldiler, olary bagyşlama!
[10] Rebbiň howpundan, Onuň şan-şöhratyndan gaýalarda bukulyň, toprak astynda gizleniň.
[11] Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.
[12] Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder,
[13] Liwanyň ähli beýik we belent başly kedr agaçlaryna, Başanyň bar dublaryna garşydyr,
[14] Ähli belent daglara, beýik depelere garşydyr.
[15] Her bir beýik diňe, her bir berk gala garşydyr.
[16] Tarşyş gämileriniň baryny, owadan gaýyklaryň hemmesini ýok eder.
[17] Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.
[18] Butlar bütinleý ýok ediler.
[19] Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler.
[20] Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.
[21] Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler.
[22] Soňy ölümli ynsanlara bil baglamaň. Kim bolupmyş olar?