[1] Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara ähli arwah-jynlary kowmaga, her dürli keselleri bejermäge güýç we ygtyýar berdi.
[2] Onsoň olary Hudaýyň Şalygyny wagyz etmäge we hassalara şypa bermäge iberdi.
[3] Isa olara: «Ýol üçin hiç zat almaň: ýanyňyzda ne hasa, ne torba, ne çörek, ne pul, ne artykmaç eşik – hiç zat bolmasyn.
[4] Haýsy öýe girseňiz, tä ol şäherden çykyp gaýdýançaňyz, şol öýde boluň.
[5] Eger adamlar sizi kabul etmeseler, olaryň şäherinden çykyp gaýdanyňyzda, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýagyňyzyň tozuny kakyň» diýdi.
[6] Şeýdip, olar ýola düşdüler, her bir baran ýerinde Hoş Habary wagyz edip, hassalary sagaldyp, obama-oba aýlandylar.
[7] Şol wagt Hirod han bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Sebäbi käbir adamlar: «Ýahýa direlipdir!» diýýärdiler.
[8] Käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr!», başga birileri hem: «Gadymy pygamberleriň biri direlipdir!» diýişýärdiler.
[9] Hirod bolsa: «Men Ýahýanyň başyny çapdyrdym, onda bu adam kimkä? Ol hakda üýtgeşik habarlar eşidýän» diýdi. Ol Isany görmäge jan etdi.
[10] Resullar yzyna gelensoň, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şähere gitdi.
[11] Emma mähelle muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Şalygy hakda gürrüň berdi we şypa mätäç adamlary sagaltdy.
[12] Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyň ýanyna gelip: «Bu mähelläni goýber, töwerekdäki obalara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar, sebäbi biz bir çola ýerde ahyry» diýdiler.
[13] Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar hem: «Biz munça mähelle üçin iýmit satyn almaga gidelimi? Biziň bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyry» diýdiler.
[14] Ol ýerde bäş müňe golaý erkekler bardy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar edip oturdyň» diýip tabşyrdy.
[15] Olar hem şeýle edip, hemmeleri oturtdylar.
[16] Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi. Soňra bulary halka paýlar ýaly bölüşdirip şägirtlerine berdi.
[17] Hemmeler iýip doýdular, artyp galan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
[18] Bir gün Isa ýekelikde Hudaýa doga okaýardy, şägirtleri hem Onuň ýanyndady. Isa olardan: «Halk Maňa kim diýýär?» diýip sorady.
[19] Olar: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birileri bolsa gadymy pygamberlerden biri direlipdir diýýär» diýip jogap berdiler.
[20] Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Hudaýyň Mesih isiň» diýip jogap berdi.
[21] Isa bolsa muny hiç kime aýtmazlygy olara berk tabşyrdy.
[22] Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we üçülenji gün direlmelidir» diýdi.
[23] Isa olaryň hemmesine şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün.
[24] Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder.
[25] Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar?
[26] Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar.
[27] Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri ölmezden öň Hudaýyň Şalygynyň gelýänini görerler».
[28] Bu sözleri aýdanyndan sekiz gün geçensoň, Isa Petrusy, Ýohannany we Ýakuby ýanyna alyp, Hudaýa doga okamak üçin daga çykdy.
[29] Doga okap otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy lowurdap ap-ak boldy.
[30] Ine, iki adam Onuň bilen gürrüňleşip durdy. Bu Musa bilen Ylýasdy.
[31] Olar şöhrat içinde peýda bolup, Isanyň dünýäden alynmaly pursady barada gürrüň edýärdiler. Bu pursat Iýerusalimde amala aşmalydy.
[32] Petrus bilen onuň ýanyndakylary uky basmarlaýardy, emma olar ukudan açylyp, Isanyň şöhratyny hem Onuň ýanynda duran iki adamy gördüler.
[33] Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini özi-de bilmän, Oňa: «Halypa! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi.
[34] Petrus bulary aýdyp durka, bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Özlerini bulut gurşap alanda, olar gaty gorkdular.
[35] Bulutdan: «Bu Meniň Oglumdyr, Saýlap-seçenimdir! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.
[36] Bu ses kesilen wagty, Isa ýeke galdy. Şägirtler bolsa dymyp, gören zatlary barada şol günlerde hiç kime gürrüň bermediler.
[37] Şol günüň ertesi dagdan aşak düşen wagty, bir uly mähelle Isany garşylady.
[38] Mähelläniň içinden bir adam gygyryp, şeýle diýdi: «Mugallym! Ýalbarýan, meniň ogluma nazaryňy sal, ol meniň ýalňyz çagam.
[39] Ine, ony bir arwah-jyn eýeleýär, ol birden çygyryp başlaýar. Ol ruh onuň agzyndan ak köpük gelýänçä silterleýär, ýer bilen ýegsan edip, ondan zordan aýrylýar.
[40] Şägirtleriňe ony çykaryp ber diýip ýalbardym, emma olar başarmadylar».
[41] Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bolup, size çydaýyn? Ogluňy bärik getir» diýdi.
[42] Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, arwah-jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwah-jyna käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy.
[43] Hemmeler Hudaýyň beýikdigine haýran galdy. Hemmeler Isanyň eden işlerine geň galdy. Isa Öz şägirtlerine:
[44] «Bu sözler gulagyňyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsanlaryň eline tabşyrylar» diýdi.
[45] Emma olar bu söze düşünmediler. Bu sözüň manysy olar üçin gizlin bolup galdy, olar bu barada Isadan soramaga-da gorkdular.
[46] Şägirtleriň arasynda olardan kimiň iň beýikdigi barada jedel ýüze çykdy.
[47] Isa olaryň ýüregindäki pikiri aňyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy.
[48] Onsoň olara: «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Araňyzda kim hemmeden pes bolsa, iň beýik şoldur» diýdi.
[49] Ýohanna Isa ýüzlenip: «Halypa! Biz Seniň adyň bilen arwah-jynlary çykarýan bir adamy gördük, ýöne onuň biziň bilen bile däldigi üçin, ony togtatmak isledik» diýdi.
[50] Isa oňa: «Ony togtatmaň! Kim size garşy bolmasa, ol siziň tarapyňyzdadyr» diýdi.
[51] Göge alynmaly mahaly golaýlanda, Isa Iýerusalime gitmegi ýüregine düwüp, ýola düşdi.
[52] Ol Özünden öň birnäçe ilçini ýollady. Olar hem Onuň gelerine taýýarlyk görmek üçin, samariýalylaryň bir obasyna girdiler.
[53] Emma samariýalylar Isany kabul etmediler, sebäbi Onuň ugry Iýerusalime tarapdy.
[54] Isanyň şägirtleri Ýakup bilen Ýohanna muny görüp, Ondan: «Eý, Agam! Olary ýok etmek üçin gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?» diýip soradylar.
[55] -
[56] Emma Isa öwrülip, olara käýedi. Onsoň olar başga oba gitdiler.
[57] Ýolda barýarkalar, bir adam Isa: «Nirä gitseň, men hem Seniň yzyňa düşjek» diýdi.
[58] Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi.
[59] Başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Emma ol: «Agam, rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi.
[60] Emma Isa oňa: «Goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler, ýöne sen git-de, Hudaýyň Şalygyny wagyz et» diýdi.
[61] Ýene birisi: «Agam! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi.
[62] Isa oňa: «Eline azaly alansoň yzyna seredýän adam Hudaýyň Şalygyna mynasyp däldir» diýdi.