Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 9:46

[1] Şol wagt müňlerçe adam üýşüp, biri-birlerine gysylyşyp durdular. Isa ilki bilen Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň.

[2] Ýapyk bolup, üsti açylmajak, gizlin bolup, bilinmejek zat ýokdur.

[3] Garaňkylykda näme aýtsaňyz, ýagtylykda eşidiler, içki otaglarda çakan çawuşyňyz üçeklerde yglan ediler.

[4] Eý, dostlarym, Men size şuny aýdaýyn: bedeni öldürýän, emma ondan soňra hiç zat edip bilmeýänlerden gorkmaň.

[5] Men size kimden gorkmalydygyňyzy aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň.

[6] Bäş serçe iki teňňä satylmaýarmy näme? Muňa garamazdan, Hudaý olaryň hiç birini ýatdan çykarmaýar.

[7] Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr. Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz.

[8] Size şuny diýýärin: kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ykrar eder.

[9] Kim Meni adamlaryň öňünde ret etse, onuň özi-de Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ret ediler.

[10] Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetiren bagyşlanmaz.

[11] Sizi sinagogalara, ýolbaşçylaryň, hökümdarlaryň huzuryna getirenlerinde, özüňizi nähili gorajakdygyňyzy we näme diýjekdigiňizi gaýgy etmäň.

[12] Mukaddes Ruh size näme diýmelidigiňizi şol pursadyň özünde öwreder».

[13] Mähelläniň arasyndan biri Isa: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen paýlaşsyn» diýdi.

[14] Isa oňa: «Eý, ynsan, kim Meni siziň üstüňizden kazy ýa-da häkim edip belledi?» diýdi.

[15] Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.

[16] Soňra Isa olara bir tymsal aýdyp berdi: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär.

[17] Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga-da ýerim ýok“ diýip, içini gepledýär.

[18] Onsoň ol: „Hä, men, ine, şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, ähli gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnaryn.

[19] Özüme bolsa, eý, janym, köp ýyl üçin ýygnalan ençeme zadyň bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek diýerin“ diýýär.

[20] Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär.

[21] Özi üçin hazyna toplaýan, emma Hudaýyň nazarynda baý bolmadyk her bir adamyň soňy şeýle bolar».

[22] Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň.

[23] Jan iýmitden, beden egin-eşikden has gymmatlydyr.

[24] Gargalara serediň, olar ne ekýärler, ne-de orýarlar. Olaryň ne ammarlary, ne-de urulary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe esse gymmatlysyňyz!

[25] Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýärsiňiz?

[26] Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda näme üçin galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz?

[27] Liliýalaryň ösüşine syn ediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi.

[28] Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?!

[29] Şonuň üçin hem näme iýip-içjekdigiňizi, näme geýjekdigiňizi agtarmaň, bular barada alada etmäň.

[30] Bu zatlaryň baryny bu dünýäniň adamlary agtarýandyr. Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär.

[31] Siz bolsa Hudaýyň Şalygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.

[32] Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi.

[33] Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir.

[34] Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.

[35] Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun.

[36] Toýdan gelip, hojaýyny gapyny kakanda, dessine oňa gapyny açmaga garaşýan adamlar ýaly boluň.

[37] Hojaýyny dolanyp gelende, onuň oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn bilini guşap, hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar. Ýanyna gelip, olara özi hyzmat eder.

[38] Hojaýyn isle ýarygije, isle daňdan gelsin, onuň gelende, oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtlydyr!

[39] Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, öýüni talatmazdy.

[40] Siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler».

[41] Şonda Petrus: «Agam, bu tymsaly diňe bize aýdýarsyňmy ýa-da hemmelere?» diýip sorady.

[42] Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?

[43] Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly!

[44] Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar.

[45] Emma şol hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip, gullary we kenizleri urmaga, iýip-içip, serhoş bolmaga başlasa,

[46] hojaýyny hem onuň oslamaýan gününde, oýlamaýan sagadynda gelse, ony parça-parça edip, onuň başyna biwepalaryň gününi salar.

[47] Hojaýynynyň islegini bilse-de, taýýar bolmaýan, onuň islegini ýerine ýetirmeýän hyzmatkär köp ýenjiler.

[48] Emma bilmezlikden taýaga mynasyp iş eden adam az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler. Kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp zat hem isleniler».

[49] Isa sözüni dowam etdi: «Men ýer ýüzüne ot ýagdyrmaga geldim. Hernä şol ot indi tutaşyp bir ýansady!

[50] Men çuňňur gaýgy-hasrata batýaryn. Bu amala aşýança, Men darygýaryn!

[51] Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Ýok, bölünişik getirmäge geldim diýýärin.

[52] Mundan beýläk bir öýde ýaşaýan bäş adam bölünişip, üçüsi ikisine garşy, ikisi hem üçüsine garşy bolar.

[53] Ata ogluna, ogul atasyna garşy, ene gyzyna, gyz enesine garşy, gaýynene gelnine, gelin gaýynenesine garşy bolar».

[54] Isa mähellä ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz günbatardan bir buludyň peýda bolanyny gören badyňyza: „Ýagyş ýagar“ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar.

[55] Günorta ýeli öwsende bolsa: „Howa yssy boljak“ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar.

[56] Eý, ikiýüzlüler! Ýeriň hem asmanyň görnüşinden many çykaryp bilýäňiz-de, näme üçin bu häzirki döwürden many çykaryp bileňzok?

[57] Näme üçin özüňize dogry zady saýlap alyp bilmeýärsiňiz?

[58] Biri seni aýyplap, kazyýete alyp gitse, onuň bilen ýoldakaň barlyş. Ýogsam ol seni kaza, kazy hem zyndan sakçysyna tabşyryp, zyndana düşmegiň ahmal.

[59] Saňa şuny aýdýaryn, jerimäňi doly töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň».

Lukanyň hoş habary — Chapters