[1] Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi:
[2] «Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan bir kazy bar eken. Ol kazy adamlary äsgermeýän eken.
[3] Şol şäherde bir dul aýal hem bar eken. Ol üznüksiz kazynyň ýanyna gatnap: „Dawagärimden meniň hakymy alyp ber“ diýip ýalbarypdyr.
[4] Kazy birnäçe wagtlap muny etmändir. Ahyrsoňy ol öz-özüne: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de,
[5] dyngysyz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul aýalyň hakyny alyp bereýin. Indi bir gelip, meniň gulak etimi guratmasyn“ diýýär».
[6] Reb Isa ýene sözüni dowam etdi: «Adalatsyz kazynyň näme aýdanyna gulak asyň.
[7] Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy?
[8] Size şuny aýdýaryn: olaryň hakyny tiz alyp berer. Ýöne Ynsan Ogly gelende, ýeriň ýüzünde imanly adam taparmyka?»
[9] Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly gürrüň berdi:
[10] «Iki adam Hudaýa doga etmek üçin ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, beýlekisi salgytçy eken.
[11] Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin.
[12] Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, ähli gazanjymyň ondan birini berýärin“ diýip doga okaýar.
[13] Salgytçy bolsa uzakda durup, gabagyny göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, gaýtam gursagyna urup: „Hudaýym, Men günäkäre rehim et!“ diýýär.
[14] Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler».
[15] Onsoň başlaryna elini goýsun diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler. Muny gören şägirtler çagalary getirenlere käýediler.
[16] Emma Isa çagalary ýanyna çagyryp: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Hudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr.
[17] Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.
[18] Bir ýolbaşçy Isadan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady.
[19] Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir.
[20] Sen tabşyryklary bilýänsiň: adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý» diýip jogap berdi. Ol adam: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin» diýdi.
[21] -
[22] Isa muny eşidende, oňa: «Seniň ýene bir kemiň bar. Nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.
[23] Ol bu sözleri eşidip, gaty tukat boldy, sebäbi çakdanaşa baýdy.
[24] Isa onuň tukatlygyny görüp: «Baýlara Hudaýyň Şalygyna girmek nähili agyr!
[25] Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi.
[26] Muny eşidenler: «Onda kim halas bolup biler?» diýip soradylar.
[27] Isa: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar Hudaý üçin mümkindir» diýdi.
[28] Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük!» diýdi.
[29] -
[30] Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny, bala-çagasyny taşlan her kes bu döwürde yzyna ençeme esse artyk edip alar, geljek döwürde bolsa baky ýaşaýşa gowşar» diýdi.
[31] Isa Onkileri bir çete çekip, olara: «Indi Iýerusalime barýarys. Pygamberleriň Ynsan Ogly hakda ýazanlarynyň ählisi berjaý bolar!
[32] Ol keseki milletleriň eline tabşyrylar. Olar Ony masgaralap kemsiderler, üstüne tüýkürerler, gamçylarlar we öldürerler.
[33] Emma üçülenji gün Ol direler» diýdi.
[34] Şägirtler bu zatlaryň hiç birine düşünmediler. Bu sözleriň manysy olardan gizlenilgidi. Olar Onuň näme hakda gürrüň edýänini bilmediler.
[35] Isa Ýeriho golaýlanda, ýoluň gyrasynda bir kör adam dilegçilik edip otyrdy.
[36] Ol ýanyndan mähelläniň geçip barýandygyny eşidip, munuň nämedigini sorady.
[37] Oňa: «Nasyraly Isa geçip barýar» diýip habar berdiler.
[38] Şonda ol: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy.
[39] Sesiň çykmasyn diýip, öňden barýan köp adamlar oňa käýediler, emma ol: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip, öňküden hem gaty gygyrdy.
[40] Isa aýak çekip, ol adamy getirmeklerini buýurdy. Ýanyna gelende, Isa ondan:
[41] «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Agam, gözlerim açylsyn!» diýdi.
[42] Isa oňa: «Goý, gözleriň açylsyn! Imanyň saňa şypa berdi» diýdi.
[43] Şobada bu adamyň gözleri açyldy we ol hem Hudaýy şöhratlandyryp, Isanyň yzyna düşüp gidiberdi. Muny gören ähli halk Hudaýy alkyşlady.