[1] Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy.
[2] Hanan bilen Kaýafa hem baş ruhanydy. Şonda Zekarýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi aýan boldy. Ol çölde ýaşaýardy.
[3] Ýahýa Iordan derýasynyň töweregindäki ähli ýerlere aýlanyp, adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi.
[4] Işaýa pygamber bu barada öz kitabynda şeýle ýazypdy: «Çölde bir ses gygyrýar: „Rebbe ýol taýynlaň! Onuň ýodalaryny düzläň!
[5] Ähli dereler doldurylar, ähli dag-depeler peseldiler, egrem-bugram ýollar dogrulanar, büdür-südür ýodalar tekizlener.
[6] Şonda ähli ynsanlar Hudaýyň halas edişini görerler“».
[7] Bir uly mähelle suwa çümdürilmek üçin, Ýahýanyň ýanyna geldi. Ýahýa olara şeýle ýüzlendi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?
[8] Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň. Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip aýtmagy hyýalyňyza hem getirmäň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir.
[9] Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar».
[10] Halk ondan: «Eýsem, biz näme etmeli?» diýip sorady.
[11] Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Iýmiti bolan hem şonuň ýaly etsin» diýip jogap berdi.
[12] Salgytçylar-da çümdürilmek üçin onuň ýanyna gelip: «Mugallym, biz näme etmeli?» diýip soradylar.
[13] Ýahýa olara: «Özüňize buýrulandan artyk almaň» diýdi.
[14] Onsoň esgerler-de: «Biz näme etmeli?» diýip soradylar. Olara: «Hiç kimden zorluk bilen pul almaň, nähak ýere töhmet atmaň, öz hakyňyza kaýyl boluň» diýdi.
[15] Halk Mesih e umyt bilen garaşýardy we hemmeler Ýahýa hakda ýüreklerinde: «Ýahýa şol Mesih bolaýmasyn?» diýip oýlanýardy.
[16] Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma menden has güýçli Biri geler, men hatda Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.
[17] Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar» diýdi.
[18] Ol başga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hoş Habary wagyz edýärdi.
[19] Emma baş häkim Hirod öz doganynyň aýaly Hirodiýa öýleneni üçin we başga-da köp erbet işleri edeni üçin, Ýahýanyň käýinjine sezewar boldy.
[20] Ol Ýahýany zyndana salmak bilen öňki eden ähli pislikleriniň üstüne ýene bir pislik goşdy.
[21] Ähli halk suwa çümdürilip çykarylandan soň, Isa-da çümdürilip çykaryldy. Ol Hudaýa doga edýärkä, gökler açylyp,
[22] Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.
[23] Isa Öz hyzmatyna başlan wagty otuz ýaşlaryndady. Ol Ýusubyň ogly hasaplanýardy. Ýusup Eliýiň ogly,
[24] Eliý Mattadyň, Mattat Lewiniň, Lewi Melkiniň, Melki Ýannaýyň, Ýannaý Ýusubyň,
[25] Ýusup Mattatýanyň, Mattatýa Amosyň, Amos Nahumyň, Nahum Esliniň, Esli Nagaýyň,
[26] Nagaý Mahadyň, Mahat Mattatýanyň, Mattatýa Şimiýiň, Şimiý Ýosehiň, Ýoseh Ýodanyň,
[27] Ýoda Ýohananyň, Ýohanan Resanyň, Resa Zerubabylyň, Zerubabyl Şeýaltyýeliň, Şeýaltyýel Neriniň,
[28] Neri Melkiniň, Melki Addynyň, Addy Kosamyň, Kosam Elmadamyň, Elmadam Eriň,
[29] Er Ýeşuwanyň, Ýeşuwa Eligezeriň, Eligezer Ýorymyň, Ýorym Mattatyň, Mattat Lewiniň,
[30] Lewi Şimgonyň, Şimgon Ýahudanyň, Ýahuda Ýusubyň, Ýusup Ýonamyň, Ýonam Elýakymyň,
[31] Elýakym Meleýanyň, Meleýa Mennanyň, Menna Mattatanyň, Mattata Natanyň, Natan Dawudyň,
[32] Dawut Ýyşaýyň, Ýyşaý Obediň, Obet Bowazyň, Bowaz Salanyň, Sala Nahşonyň,
[33] Nahşon Eminadabyň, Eminadap Admynyň, Admyn Arnynyň, Arny Hesronyň, Hesron Peresiň, Peres Ýahudanyň,
[34] Ýahudyýa Ýakubyň, Ýakup Yshagyň, Yshak Ybraýymyň, Ybraýym Teranyň, Tera Nahoryň,
[35] Nahor Serugyň, Seruk Reguwyň, Reguw Pelegiň, Pelek Eberiň, Eber Şelanyň,
[36] Şela Keýnanyň, Keýnan Arpakşadyň, Arpakşat Samyň, Sam Nuhuň, Nuh Lemegiň,
[37] Lemek Metuşelanyň, Metuşela Hanogyň, Hanok Ýerediň, Ýeret Mahalaleliň, Mahalalel Keýnanyň,
[38] Keýnan Enoşyň, Enoş Şisiň, Şis Adamyň ogludy, Adam bolsa Hudaýyň ogludy.