Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 10:49

[1] Bu wakadan soňra Isa şäherleri we obalary aýlanyp, Hudaýyň Şalygy baradaky Hoş Habary wagyz etmäge başlady. On iki şägirdi hem Onuň ýanyndady.

[2] Şeýle hem, erbet ruhlardan we kesellerden halas bolan birnäçe aýallar, içinden ýedi arwah-jyn çykan magdalaly Merýem hem-de Hirodyň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýowanna, Suzanna, başga-da birtopar aýallar Isanyň ýanyndady. Bu aýallar öz emläkleri bilen olara kömek edýärdiler.

[4] Uly bir mähelle üýşüp, ähli şäherlerden adamlar Isanyň ýanyna geldi. Şonda Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi:

[5] «Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşüp, aýak astynda depelenýär we guşlar gelip, ony çokýarlar.

[6] Birnäçe tohum daşly ýere düşýär. Olar gögeren badyna suwsuzlykdan gurap gidýärler.

[7] Birnäçesi tikenekligiň arasyna düşýär. Tohum bilen gögeren tikenler olary basýar.

[8] Birnäçesi-de gowy topraga düşýär. Olar gögerip çykyp, her biri ýüz esse hasyl berýär». Bulary gürrüň berenden soň, Isa: «Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýip gygyrdy.

[9] Şägirtleri Ondan: «Bu tymsalyň manysy näme?» diýip soradylar.

[10] Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, emma başgalar seredip görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, olara tymsallar arkaly aýdylýar.

[11] Tymsalyň manysy şeýle: tohum Hudaýyň sözüdir.

[12] Ýoluň üstüne düşen däneler sözi eşidýän adamlardyr. Emma şeýtan gelip, iman getirmesinler, halas bolmasynlar diýip, olaryň kalbyndan sözi sogrup alýar.

[13] Daşly ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde, şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr. Ýöne olarda kök ýokdur. Olar az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler.

[14] Tikenekligiň arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänlerdir, emma durmuşyň aladalary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler.

[15] Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.

[16] Hiç kim çyrany ýakyp, onuň üstüni gap bilen örtýän däldir ýa-da ony çarpaýanyň aşagynda goýýan däldir. Gaýtam, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr.

[17] Elbetde, üsti açylmajak gizlin zat, bilinmejek, mese-mälim bolmajak ýaşyryn zat ýokdur.

[18] Şonuň üçin hem nähili diňleýändigiňize üns beriň. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ýöne kimde ýok bolsa, özüniňki hasap edýän zady hem elinden alnar».

[19] Isanyň ejesi bilen inileri Ony görmäge geldiler, emma üýşen mähelleden ýaňa Onuň ýanyna girip bilmediler.

[20] Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň Seni görmek üçin daşarda garaşyp durlar» diýip habar berdiler.

[21] Emma Isa: «Meniň ejem, doganlarym – Hudaýyň sözüni diňläp, ony berjaý edýänlerdir» diýip jogap berdi.

[22] Bir gün Isa şägirtleri bilen bir gaýyga münüp, olara: «Geliň, kölüň beýleki tarapyna geçeliň» diýdi. Şeýdip, olar ýola düşdüler.

[23] Olar gaýykda ýüzüp barýarkalar, Isa uka gitdi. Kölde birden güýçli tupan turdy. Gaýyk suwdan dolup başlady, olar howply ýagdaýa düşdüler.

[24] Şägirtler baryp, Isany oýaryp: «Halypa! Halypa, biz heläk bolup barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem möwç alýan tolkunlara käýedi. Tupan ýatyp, doly imisalalyk aralaşdy.

[25] Isa şägirtlerine: «Siziň imanyňyz hany?» diýip sorady. Olar bolsa gorkuşyp hem geň galyp, biri-birlerinden: «Bu Adam kimkä? Ol ýele hem suwa buýruk berýär, olar-da Oňa gulak asýar!» diýişdiler.

[26] Olar Jeliläniň garşysynda ýerleşýän gerasalylaryň ýurduna geldiler.

[27] Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňa arwah-jyn eýelän bir adam gabat geldi. Ol adam köpden bäri hiç hili egin-eşik geýmeýärdi, öýünde ýaşaman, mazarlaryň arasynda ýaşaýardy.

[28] Ol Isany görende, gygyryp goýberdi. Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen: «Eý, Isa, Beýik Hudaýyň Ogly! Meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, meni gynama» diýdi.

[29] Çünki Isa arwah-jyna ol adamdan çykmagy buýrupdy. Arwah-jyn ony ýygy-ýygydan tutýardy. Munuň üçin ol adamy zynjyrlap, gandallap saklardylar, emma ol zynjyrlaryny gyryp taşlardy, arwah-jyn ony çöllere äkiderdi.

[30] Isa ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Goşun» diýip jogap berdi, sebäbi oňa san-sajaksyz arwah-jyn giripdi.

[31] Arwah-jynlar özlerine dowzaha gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar.

[32] Şol ýerdäki dagyň eteginde ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. Arwah-jynlar doňuzlaryň içine girmäge rugsat etmegini sorap, Isa ýalbardylar. Ol hem rugsat etdi.

[33] Olar ýaňky adamdan çykyp, doňuzlara girdiler. Şondan soň süri uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy.

[34] Bolan zady görenlerinde, çopanlar gaçyp, şäherdir obalara muny habar berdiler.

[35] Halk bolan wakany görmek üçin geldi. Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, içinden arwah-jyn çykan adamyň geýnip, Isanyň aýagujunda oturandygyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.

[36] Bu wakany görenler bolsa, olara arwah-jyn eýelän adamyň nähili sagalandygy barada gürrüň berdiler.

[37] Onsoň ähli gerasalylar we şol sebitiň ilaty Isadan öz ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olary uly gorky gaplap alypdy. Isa hem gaýyga münüp, yzyna gaýtdy.

[38] Arwah-jyndan halas bolan adam Isa gitmezden öň Ondan Özi bilen gitmäge rugsat sorap ýalbardy.

[39] Isa bolsa: «Bar, öýüňe gaýt, Hudaýyň saňa nämeler edendigini gürrüň ber» diýip, ony ugratdy. Ol hem gidip, Isanyň özüne edenlerini tutuş şähere jar etdi.

[40] Isa yzyna dolanyp gelende, halk Ony gyzgyn garşylady, sebäbi hemmeler Oňa garaşýardy.

[41] Şol wagt sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy we Ondan öýüne barmagyny haýyş etdi.

[42] Munuň sebäbi onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere gidip barýarka, mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.

[43] Mähelläniň içinde on iki ýyldan bäri gan akma keselli bir aýal hem bardy. Ol hiç zatdan haýyr tapmandy.

[44] Ol Isanyň arka tarapyndan baryp, Onuň donunyň syýyna elini degirdi welin, şobada gan akmasy kesildi.

[45] Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýip sorady. Hiç kim boýun almady. Şonda Petrus: «Halypa! Halk daşyňy alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsa: „Maňa kim elini degirdi?“ diýýärsiň» diýdi.

[46] Emma Isa: «Maňa biri elini degirdi, sebäbi Men Özümden bir güýjüň çykanyny duýdum» diýdi.

[47] Aýal eden işiniň mundan aňry gizlin galmajakdygyny bilensoň, titräp gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy. Ähli halkyň öňünde özüniň näme üçin Isa elini degrendigini, şobada hem şypa tapandygyny gürrüň berdi.

[48] Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Arkaýyn gidiber» diýdi.

[49] Isa bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baştutanynyň öýünden gelen bir adam Ýaýrusa: «Gyzyň öldi. Mugallymy artykmaç biynjalyk etme» diýdi.

[50] Emma Isa muny eşidip, oňa: «Gorkma, diňe iman et, gyzyň gutular» diýdi.

[51] Isa onuň öýüne gelende, Petrus, Ýohanna, Ýakup we gyzyň ene-atasyndan başga hiç kime Özi bilen içeri girmäge rugsat etmedi.

[52] Hemmeler aglaşyp, ýas tutup otyrdylar. Emma Isa: «Aglamaň, ol ölenok, uklap ýatyr» diýdi.

[53] Adamlar gyzyň ölendigini bilýändikleri üçin Onuň üstünden güldüler.

[54] Emma Isa hemmäni daşary kowup, gyzyň elinden tutdy-da, gygyryp: «Gyzym, tur!» diýdi.

[55] Gyza jan girip, ol şobada ýerinden turdy. Onsoň Isa gyza nahar bermeklerini buýurdy.

[56] Gyzyň ene-atasy haýran galdy. Isa bolsa olara bolup geçen hadysany hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.

Lukanyň hoş habary — Chapters