Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 8:42

[1] Onsoň mejlisiň ähli agzalary ýerlerinden turup, Isany Pilatyň ýanyna getirdiler.

[2] Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar».

[3] Pilat Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa oňa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi.

[4] Onsoň Pilat ýolbaşçy ruhanylar bilen halka: «Men bu adamda hiç hili etmiş görmedim» diýdi.

[5] Emma olar hötjetlik edip: «Bu adam Öz taglymaty bilen tutuş Ýahudyýanyň ilatyny öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler.

[6] Muny eşidip, Pilat: «Bu adam jelilelimi?» diýip sorady.

[7] Isanyň Hirodyň welaýatyndandygyny bilensoň, Pilat Ony Hirodyň ýanyna iberdi, sebäbi şol wagt Hirodyň özi hem Iýerusalimdedi.

[8] Hirod Isany görüp gaty begendi, sebäbi köp wagtdan bäri Ony görmek isleýärdi. Ol baradaky eşiden ençeme zatlaryna görä, Ondan bir gudratly alamat görerin diýen umydy bardy.

[9] Hirod Ondan köp soraglar sorady, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi.

[10] Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary bolsa ol ýerde durup, Ony biragyzdan aýyplaýardylar.

[11] Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler.

[12] Şol gün Pilat bilen Hirod dost boldy; mundan öň olaryň arasynda duşmançylyk bardy.

[13] Pilat ýolbaşçy ruhanylary, baştutanlary we halky üýşürip,

[14] olara: «Siz bu adamy meniň ýanyma halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Men Ony gözüňiziň alnynda soraga çekdim, emma Ol baradaky aýyplamalaryňyz dogry çykmady.

[15] Ony Hirodyň ýanyna iberdim, ol hem hiç günä tapman, Ony yzyna iberdi. Siziň görşüňiz ýaly, Ol ölüme laýyk hiç zat etmändir.

[16] Şonuň üçin hem, men Onuň temmisini berip, boşatjak» diýdi.

[18] Emma ähli halk biragyzdan: «Bu adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdy.

[19] Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşandygy we ganhordugy üçin zyndana salnypdy.

[20] Pilat Isany boşatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi.

[21] Emma olar: «Ony haça çüýle! Haça çüýle!» diýip gygyryşdylar.

[22] Pilat üçünji gezek olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi.

[23] Emma olar seslerini has gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler we olaryň sesi üstün çykdy.

[24] Şeýlelik bilen, Pilat olaryň talabyny berjaý etmek kararyna geldi.

[25] Olaryň soran adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşatdy, Isany bolsa olaryň ygtyýaryna berdi.

[26] Esgerler Isany alyp barýarkalar, ekin meýdanyndan gelýän kirineýli Simuny tutup, arkasyna haçy ýüklediler we Isanyň yzyndan ýöremäge mejbur etdiler.

[27] Uly bir mähelle Isanyň yzyna düşüp gitdi, olaryň arasynda Onuň üçin zaryn-zaryn aglaýan aýallar hem bardy.

[28] Isa ol aýallara tarap öwrülip, şeýle diýdi: «Eý, Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglamaň. Özüňiz we çagalaryňyz üçin aglaň.

[29] Çünki şeýle bir günler geler, adamlar: „Önelgesiz aýallar, dogurmadyk ýatgylar, çaga emdirmedik göwüsler neneňsi bagtly!“ diýerler.

[30] Şonda daglara: „Biziň depämize iniň!“, depelere: „Bizi örtüň!“ diýerler.

[31] Eger adamlar gök daragta şeýle zatlar edýän bolsalar, onda gury daragta näme bolar?»

[32] Isa bilen başga iki jenaýatçyny hem jezalandyrmak üçin alyp barýardylar.

[33] Olar Kelleçanak diýilýän ýere gelenlerinden soň, Isany ýaňky jenaýatçylar bilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady.

[34] Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.

[35] Halk Oňa seredip durdy. Ýolbaşçylar hem Onuň üstünden gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Eger Ol Hudaýyň saýlap-seçen Mesih i bolsa, goý, indi Özüni hem halas etsin-dä!» diýişýärdiler.

[36] Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip:

[37] «Ýahudylaryň patyşasy bolsaň, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler.

[38] Onuň depesinde bolsa: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASYDYR» diýen ýazgy bardy.

[39] Çüýlenen jenaýatçylaryň biri Oňa ýaňsylap: «Sen Mesih dälmi näme? Onda Özüňi-de, bizi-de halas et-dä!» diýdi.

[40] Ikinji jenaýatçy bolsa muny aýdana käýäp: «Sen Hudaýdan gorkaňokmy? Sen hem Onuň bilen bir jezany çekýärsiň!

[41] Biz öz etmişimize laýyk adalatly jeza aldyk. Emma bu adam hiç hili erbetlik etmedi ahyry» diýdi.

[42] Onsoň ol: «Isa, Şalygyňa baran çagyň meni ýatlagyn!» diýdi.

[43] Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile jennetde bolarsyň» diýdi.

[44] -

[45] Wagt günortana golaýlanda, Günüň ýüzi tutuldy, öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy. Ybadathananyň perdesi ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi.

[46] Isa gaty ses bilen gygyryp: «Atam! Ruhumy Seniň eliňe tabşyrýaryn» diýdi-de, jan berdi.

[47] Ýüzbaşy bolan wakany görüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da, dogry adam eken!» diýdi.

[48] Bu zatlara tomaşa etmek üçin üýşen ähli halk bolan wakalary görüp, döşlerini ýumruklaý-ýumruklaý yzlaryna gaýtdy.

[49] Isany tanaýan adamlaryň bary, şeýle-de Jelileden Onuň yzyna düşüp gaýdan aýallar uzagrakda durup, bu wakalara syn edýärdiler.

[50] Mejlis agzalaryndan Ýusup atly bir adam bardy. Ol oňat hem dogruçyl adamdy.

[51] Özi-de mejlisiň kararyna we işine razylyk bermändi. Ýusup Ýahudyýanyň Arimatiýa şäherinden bolup, Hudaýyň Şalygyna garaşýardy.

[52] Ol Pilatyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi.

[53] Onsoň Ony aşak düşürip, kepene dolap, gaýada oýulan we henize çenli hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady.

[54] Bu iş Taýýarlyk gününiň ahyrynda bolup, Sabat gününiň başlanmagyna golaýdy.

[55] Isa bilen Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyň yzyna düşüp gitdiler-de, mazary we Onuň jesediniň nähili jaýlananyny gördüler.

[56] Onsoň olar öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly tütetgiler we atyrlar taýýarladylar. Emma Hudaýyň buýrugy boýunça Sabat güni olar dynç aldylar.

Lukanyň hoş habary — Chapters